Dünýädäki iň tanymal režissýorlaryň biri Jeýms Frensis Kemeron 1954-nji ýylyň 16-njy awgustynda Kanadada dünýä inýär. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Kemeronlaryň maşgalasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyna göçüp barýar. Geljekki kinorežissýor bu ýerde Kaliforniýa uniwersitetiniň fizika fakultetine okuwa girýär. Ýöne kino döretmek arzuwynda ýaşaýan Kemeron okuwyny doly tamamlamaýar. Ol mekdep dostlary Uilýam Wişer we Rendel Freýks bilen fantastiki žanrdaky ilkinji filmlerini surata düşürýärler. Kemerona 1984-nji ýylda uly meşhurlyk getiren eser “Terminator” filmidir. Ol bu filmdäki Terminatoryň keşbini dümew degen wagty düýşünde görýär. Ýöne ýaňy kino älemine gelen režissýor bilen işleşmäge hiç kim töwekgelçilik ediberesi gelmeýär. Ahyry Kemeron öz aýaly bilen bu filmi surata düşürýär. Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu filmiň dowamy 1991-nji ýylda peýda bolýar. Bu film abraýly “Oskar” baýragynyň dürli ugurlary boýunça dördüsine mynasyp bolýar. Leonarda Di Kaprio bilen Keýt Uinsletiň baş keşpleri janlandyrýan «Titanik» filmini-de Kemeron döredýär. Bu film 2010-njy ýyla çenli dünýädäki iň köp girdeji gazanan filmdigi bilen-de bellidir. Film «Iň oňat film», «Iň oňat režissýor» baýraklaryndan daşary-da «Oskar» baýragynyň 11-sine mynasyp bolýar. Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Kemeronyň «Awatar» filmi-de iň köp girdejili film bolup kino äleminde at aldy. Kemeron barada gyzykly maglumatlar: Jeýms Kemeron çepbekeý. Onuň kakasy inžener, ejesi hudožnik. Jeýms bolsa maşgaladaky bäş çaganyň iň ulusy. Ondan haýsy kinony halaýandygyny soranlarynda berýän jogaby: «Men kino tomaşa edenimden, kino düşürenimi gowy görýärin» Jeýms Kemeron «Lightstorm Entertainment» kompaniýasynyň we «Vestron» studiýasynyň eýesi. Jeýms Kemeronyň surata düşüren filmlerindäki aýratynlyk: Ol ilkinji bolup 100 million dollar harçly filmi surata düşürdi. («Terminator 2» filmi) Ol ilkinji bolup 200 million dollar harçly filmi surata düşürdi. («Titanik» filmi) Ol ilkinji bolup düşüren filminden 1 milliard dollar girdeji alan režissýordyr. («Titanik» filmi) Ol ilkinji bolup düşüren filminden 2 milliard dollar girdeji alan režissýordyr. («Awatar» filmi).