Mähriban okyjylarymyz! Saýtymyzyň bu sahypasynda size 4-nji aprel güni dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Jamie Lynn Spears (29 ýaşady) – amerikan aktrisasy we aýdymçy.

Natasha Lyonne (41 ýaşady) – amerikan aktrisasy, režisýor, ýazyjy we prodýuser. Ol Netflix-däki komediýa-drama seriýalynda Niki Nikolasyň keşbini ýerine ýetirýär we birnäçe baýraklara mynasyp bolýar.

 

Gong Hyo-jin (40 ýaşady) günorta koreýaly aktrisa. Ol “Song Doo!” serialynda bolşy ýaly “Crush and Blush” filminde ýerine ýetiren keşbi bilen-de diýseň meşhurdyr.

Jill Scott (48 ýaşady) – amerikan aktrisasy, kompozitor, model, şahyr we aktrisa.

Joe Chen (41 ýaşady) – taýwan aktrisasy, aýdymçy we telegepleşikleri alypbaryjy. Ol Idol dramalarynyň şazenany hökmünde tanalýar.

Nancy McKeon (54 ýaşady) – amerikan aktrisasy.

Jessica Eliana Cediel Silva (38 ýaşady) – kolumbiýaly model, aktrisa. “Prezendatorlaryň şazenany” hökmünde tanalýar.

Karren Brady (51 ýaşady) – britan sport ýolbaşçysy, syýasatçy, telegepleşikleri alypbaryjy, ýazyjy.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby