Rani Mukerji (şu gün 42 ýaşaýar) – hindi kinoaktrisasy. Ol diýseň köp baýraklaryň, şol sanda, Filmfare Awards-yň 7 sanysynyň eýesidir. Onuň keşpleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hindi zenanlarynyň öňki keşplerinden diýseň tapawutlanýan hökmünde bellenildi.

Marina Aleksandra Stessel Muzlera (şu gün 23 ýaşaýar) – Martina Ştessel, ýa-da sahna lakamy bolan Tina ady bilen meşhur bolup, argentinaly aktrisa aýdymçy, aýdymlaryň awtory, tansçy we model. Ol dünýä meşhurlygyny Disney kanalyndaky “Latin America. Violetta” original telenowellasynda ýerine ýetiren Wioletta Kastiliýanyň keşbi bilen gazanýar.

Rozanna O’Donnell (şu gün 52 ýaşaýar) – amerikan wäşi, prodýuser, aktrisa, ýazyjy we telegepleşikleri alypbaryjy. Ol özüniň komediýa älemindäki zähmet ýoluny ýetginjeklik döwründe başlaýar we  1984-nji ýylda “Star search” serialynda ýerine ýetiren keşbi bilen meşhurlyk gazanýar.

Linda LI Kedwell (şu gün 75 ýaşaýar) – mugallym, göreş  sungatynyň ussady we ýazyjy. Ol Brýus Liniň biografiýasy bolan “Brýus Li: diňe meniň tanan adamym” atly serialyň esaslandyryjysy bolup,  onuň esasynda  “Drakon: Brýus Liniň taryhy” filmi hem döredilýär. Şeýle-de Linda Li Kendwel “Brýus Li Fonduň”esaslandyryjysy,  öňki üpjün edijisi we tölegsiz maslahatçysy bolup durýar.

Irem Deriji (şu gün 33 ýaşaýar) – türk aýdymçysy we aýdymlaryň awtory. 2010-njy ýyllaryň başyndan ol özüniň “Sorun ne sevgilim”, “Kalbimin tek sahibine”we “Dantel” atly aýdymlary bilen diýseň uly meşhurlyk gazandy.

Melisa Ann Gorga (şu gün 42 ýaşaýar) – amerikan telegepleşikleriniň alyp baryjysy, awtor, aýdymçy, dezaýner. Ol “Nýu-Jersiniň hakyky öý hojalykçylary” şounyň aktýorlar düzüminiň agzasydyr.

Alýona Şeredowa (şu gün 42 ýaşaýar) – çeh modeli we aktrisa. Ol Italiýada ýaşaýar we işleýär.

Mendi Kapristo (şu gün 30 ýaşaýar) – Mendi ady bilen has meşhur bolup, nemes aýdymçysy we kompozitory. Ol Manheimde doglup, Bürstadtda önüp ösýär.

Remi Hirano (şu gün 73 ýaşaýar) – Ýapon aşpezi, telegepleşikleri alypbaryjy we şanson aýdymçysy. Ol fransuz ýazyjysy Imao Hiranonyň gyzydyr. Onuň adamsy ilýustrator Makoto Wadadyr.

Marit Borgen (şu gün 40 ýaşaýar) – norweg lyžaçysy. Ol lyža boýunça gazanan Dünýä Kuboklarynyň sany boýunça  birinji ýerde durýar. Ol 114 indiwidual ýeňişleri gazandy. Şeýle-de Borgen Dünýä Kubogynyň taryhy boýunça iň üstünlikli sprinterdir. Onuň bu ugurda 29 sany ýeňişi bar.

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler minnistrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby