Hormatly okyjylar, size şu gün, ýagny 20-nji martda dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

 

Rubi Rouz Langenhaým (şu gün 34 ýaşaýar!) – awstraliýaly model, aktrisa we telegepleşikleri alypbaryjy. Rouz MTV Australia teleýaýlymynda alypbaryjy bolmak bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Şeýlelik-de ol modellik kärine başlap, häzirki wagtda Awstraliýada Maybelline New York-yň ýüzi hökmünde tanalýar.

 

Holli Hunter (şu gün 62 ýaşaýar!) – amerikan aktrisasy. Ol 1993-nji ýylda “Pianino” filminde Ada MakGratyň keşbini ýerine ýetirip, “Iň gowy zenen aktrisasy” derejesi boýunça “Oskar”, “Bafta”, “Altyn globus” baýraklaryna we Kann kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp bolýar.

Bianka Jasmin Lawson (şu gün 41 ýaşaýar!) – amerikan aktrisasy. Ol esasan, “Saved by the bell”, “The New Class”, “Goode Behavior”, “Pretty Little Liars” we “Rogue” teleseriallarynda ýerine ýetirýän durnukly keşpleri bilen meşhurdyr.

Frima Agýeman (şu gün 41 ýaşaýar!) – iňlis aktrisasy. Ol BBC teleýaýlymyndaky “Doctor Who” teleserialynda ýerine ýetiren Marta Jonsynyň, “Law and order: UK” teleserialyndaky Aleşa Fillinsiň, Netflix-däki “Sense8” dramasyndaky Amanita Kaplaýnyň we NBC-däki lukmançylyk bilen baglanyşykly serial bolan “New Amsterdam” serialyndaky Helen Şapyň  keşpleri bilen meşhurdyr.

Ketlin Mari Aýrlend (şu gün 57 ýaşaýar!) – amerikan modeli we aktrisasy bolup soňra ýazyjylyga we telekeçilige baş goşýar. Aýrlend 80-nji we 90-njy ýyllaryň supermodelidir.

Kristi Karlson Romano (şu gün 36 ýaşaýar!) – amerikan aktrisasy we aýdymçysy. Ol Disney kanalynda goýberilen “Ewen Stiwens” serialynda Ren Stiwensiň keşbini ýerine ýetirmek bilen, şeýle-de “Kim Possible”-da baş gahrymana ses bermegi bilen meşhurlyk gazanýar.

Justin Ezarik (şu gün 36 ýaşaýar!) – amerikan Youtube-ry, alypbaryjy, awtor, aktrisa we 7000-nji şou bolan “Price is right”-yň ýeňijisi. Ol esasan, iJustine ady bilen meşhurdyr. 2006-njy ýyldan bäri onuň You tube kanalynda bir milliard görülenler bar.

Nilam Munir Khan (şu gün 28 ýaşaýar!) – pakistan aktrisasy we modeli. Ol esasan telewizion dramalarda we filmlerde surata düşýär. Nilam Munir khan “Dil Mom Kya Diya” teleserialynda ýerine ýetiren Ulfatanyň keşbi bilen has meşhurdyr. Bu keşp onuň “Iň gowy zenan aktrisa” hökmünde “Lux Style Awards”-yň 18-nji baýragyny gazanmagyna getirýär.

Lois Louri (şu gün 83 ýaşaýar!) – amerikan ýazyjysy. Ol çagalar we ýetginjekler üçin ýazylan “The Giver Quartet”, “Number the Stars” we “Rabble Starkey” ýaly birnäçe kitaplaryň awtorydyr. Onuň döredijilikdäki özboluşly aýratynlygy, çagalar üçin kyn predmetler, antiutopiýa we kyn meseleler barada söz açýanlygydyr.

Mendi Liu (şu gün 35 ýaşaýar!) – gong-kongly malaziýa-amerikan modeli, aktriasy we telegepleşikleri alyp baryjy. Ol “Horseplay” we “To the Fore” ýaly Gong-kongyň teleşoularynda we filmlerinde çykyş edýär.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby