Keseki däldigmi bildim aç-açan,
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy.
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne hemmesinden diňe sen gowy.

Sen halal süýt emen, naçar maşgala,
Öwýär seni mydam goňşy-golam-da.
(Sen hakda üýtgeşik bir zat ýazaryn,
Menem ile belli şahyr bolamda).

Gitdiň sen birmahal durmuşa çykyp,
Menem galdym göýä harytsyz dükän.
Bolýa, ýöne nesip edenem bolsaň,
Özüm ýaly ýarymgöwün bir ýekä.

Uzak ýaşap, bagta ýetmek höwesi,
Maňa şu güne çen berdi goltgy.
Şoň üçin umytly ýaşadym ýördüm,
Ýogsam ölmäge-de sebäp bolupdy.

Aý, bolýa-da, geçen geçdi diýeli,
Goýdum seni hakydamyň töründe.
Sawçylyga iberjekdim ejemi,
…Goý, olam rahat ýatsyn göründe.

Keseki däldigmi bildim aç-açan,
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy.
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne hemmesinden diňe sen gowy.

Çary Ýegenmyradow.