Täze halkara howa menzili

Ýokary guramaçylykly ýagdaýda we şowhunly aýdym-sazlara beslenip geçýän Medeniýet hepdeligi 23-nji iýunda gadymy Kerki şäherindäki täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasy bilen dowam etdi. Ir säherden başlanan dabaralar şowhunly aýdym-sazlara beslendi. Beýik Ýüpek ýoly geçen bu gadymy şähere hormatly Prezidentimiziň Şa gadamy düşüp, milli Liderimiziň täze halkara howa menziliniň açylmagyna ak pata bermegi, lebaplylaryň toý şatlygyny goşalandyrdy. Dünýä ölçeglerine laýyklyda, milli binagärlik keşbinde gurlan, şäheriň demirýol menziline hem-de Kerki—Türkmenabat awtomobil ýoluna golaý aralykda ýerleşýän  halkara howa menzili sagatda 100 ýolagçy gatnawy üçin niýetlenendir. Onuň 2,7 kilometrlik uçuş-gonuş zolagy uçarlaryň ähli kysymlaryny kabul etmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçylara ýokary derejede hyzmat etmek babatda ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. 120 orunlyk garaşylýan zaly, saglyk we halkara aragatnaşyk nokatlary, poçta aragatnaşygy, kafeteriler, eneler we çagalar otagy, 30 orunlyk naharhana ýolagçylaryň hyzmatyna berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gündogdy” hususy kärhanasynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan ýokary hil derejesinde gurlan täze halkara howa menzili uzak aralygy ýakynlaşdyryp, ýurdumyzyň gündogaryny paýtagtymyz bilen birleşdirer. Ol diňe bir Kerki etrabynyň däl, eýsem, sebitiň ýaşaýjylaryna ýokary derejede  hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiziň täze desganyň toý bagyny kesmegi bilen  owadan bezelen toý kejebesiniň gelip durmagy türkmen toýlarynyň goşa-goşadan gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasy ýaş çatynjalaryň –Türkmenabadyň halkara howa menziliniň hünärmeni Arslan Çaryýewiň  “Gündogdy” hususy kärhanasynyň hünärmeni Aýgül Jepbarowa bilen tutýan durmuş toýy bilen utgaşdy. Ýaş çatynjalar Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen  Boeing—777 kysymly uçaryň ilkinji ýolagçylary bolup, Türkmenabat şäherine tarap ugur aldylar.

*****

Kitap-ruhy baýlygymyz

Şol gün Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Türkmenabat şäherindäki welaýat kitaphanasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Garaşsyzlyk döwründe ýetilen sepgitler” atly maslahata gatnaşdylar. Kitaphanalar halkyň ruhy baýlygynyň çeşmesidir. Halkymyza çuň many-mazmunly ajaýyp eserlerini peşgeş edip, kitaba çuňňur hormat goýýan, ruhy gymmatlyklaryň aýawly saklanmagy we geljekki nesillere ýetirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap kitaphanalaryň gurulmagyny gazanýar. Şolaryň biri-de, Türkmenabat şäherinde gurlan, 300 müňden gowrak kitap fondy bolan, 22 müňden gowrak okyjyny özünde birleşdirýän Lebap welaýat kitaphanasydyr. Kitaphanada hormatly Prezidentimiziň eserlerine aýratyn orun berlipdir.

Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda ýetilen sepgitler, kitap fonduny baýlaşdyrmak, kitaphana işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektron görnüşe geçmek, oba kitaphanalarynyň işini kämilleşdirmek babatda gürrüň edildi. Özara pikir alyşmalara giň orun berildi. Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen oba kitaphanalarynyň ýüzlerçesiniň täzeden dikeldilendigini uly buýsanç bilen bellemek bolar.

Maslahata gatnaşyjylar kitaphananyň bölümlerini, obserwatoriýa zalyny aýlanyp gördüler. Dürli diwarlyklar, işleriň täzeçe guralyşy bilen tanyşdylar.

*****

“Öýli il—döwletli il”

Şol gün Türkmenabat şäherinde gurlan Türkmeniň ak öýi binasynyň açylyş dabaralary bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz merkezi şäheriň görküne görk goşan ajaýyp binanyň açylmagyna ak pata berdi. Halkymyzda “Öýli il—döwletli il” diýlen parasatly pähim bar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap ak öýleriň gurulmagy döwletlilikden nyşan. 3,5 müň orunlyk Türkmeniň ak öýi ajaýyp binagärlik keşbi, milli bezegleri bilen ünsüňi çekýär. Giň we ýagty sahna, sirk oýunlaryny görkezmek üçin meýdança sungat ussatlarynyň joşgunly çykyş etmeklerine mümkinçilik berýär. Onuň gapdalynda gurlan 3 müň orunlyk sadaka zaly toý sadakalaryny geçirmek üçin niýetlenen.

Türkmeniň ak öýüniň giň sahnasynda ýurdumyzyň sungat ussatlary konsert çykyşlaryny görkezdilar. Ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň täsirli çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa edildi.

Sadaka jaýynda berlen toý sadakasynyň bereketli saçagyny milli aşhanamyzyň dürli nygmatlary bezedi.

Hepdelik dowam edýär.