Çeper edebiýatyň diline halkdan üzňe bir zat hökmünde garamak bolmaz. Edebiýatyň ösmegi, onuň stilleriniň ösmegi tutuş halk diliniň medeniýetiniň ösmegine milli edebi diliň kämilleşmegine täsirini ýetirýär.

* * *

Öz okyjyň öňünde öz jogapkärligiňi duýmak, ony sylamak, onuň her bir minudynyň gyzyl ýaly gymmatdygyny hemişe göz öňünde tutmak, ine, şu sypatlar ýazyja mahsus bolmaly ilkinji sypatlar bolsa gerek. Şeýle sypatyň özi-de ýazyjynyň zehinlidigine güwä geçer.

* * *

Ýazyjynyň borjy — gözellik döretmek. Gözellik — adamlara ruh berýär. Gözellik — adamlary ýeňşe çagyrýar. Emma şonuň ýaly gözelligi döretmek hemme tarapdan ösýän ýazyjylara, kämilleşýän ýazyjylara başardýar. Durmuşy hyjuwly kabul edip bilýän ýazyjylara, şonuň bilen bir wagtda, özi-de ruhlanyp bilýän ýazyjylara başardýar. Durmuşy çuňňur öwrenýän ýazyjylara, durmuşyň gazanynda gaýnaýan ýazyjylara başardýar.

* * *

Birek-birege meňzemezlik — döredijiligiň baş şertleriniň biridir.

* * *

Biziň döredýän eserlerimiz ideýa taýdan berk, çeperçilik taýdan owadan bolmaly. Diňe şeýle bolan-da, ol eser halky bolýar. Halky eserler bolsa giň halk köpçüligi üçin hemişe gereklidir, ezizdir, düşnüklidir.

* * *

Dünýäde her hili adamlar bolýar. Diýmek, her hili ýazyjylaram bolýar. Bir ýazyjy öz şägirdine kömek bereninde, onuň golýazmasyny iş edinip okaýar, bellikler edýär, öz pikirini aýdýar. Ýene bir ýazyjy bolýar, ol munuň ýaly zatlary kän halamaýar. Kän bir gazetde-de häli-şindi çykyş edip durmaýar. Uzak wagtyň dowamynda içini hümledip gezýär. Birdenem ýarylýar, içini dökýär.

* * *

Ýaşlaryň käbiri: «Biz täzelik gözleýäris, her bir täzelik bolsa aňsat-aňsat tapdyrmaýar» diýýär. Dogry zada dogry diýeliň. Bu şeýledir. Emma täzelik diýilýän zat Ependiniň öýde ýitiren iňňesini tapman, daşardan gözleýşine meňzemeli däldir. Täzeligiň kök-damaryny öz öýümiziň içinden — halkymyzdan, durmuşymyzdan gözlemelidiris. Her bir täzelik halkdan gelip çykmalydyr.

* * *

Çeper edebiýatyň dili beýleki edebiýatlaryň dilinden özüniň obrazlylygy bilen tapawutlanýar. Şol obrazlylyk arkaly bolsa çeper eseriň dili aýratyn täsirli bolýar: duýgyňy oýarýar, şatlandyrýar, gamlandyrýar. Şeýle etmek üçin bolsa, çeper eseriň diliniň düşnükliligi, sadalygy juda zerur.

* * *

Halk özüniň ýazyjysyny hormatlaýar. Ol onuň her bir sözüne diňe gulagy bilen däl, bütin ýüregi bilen gulak asýar. Şeýle hormatyň eýesi bolmagyň özi-de şol adamlaryň durmuşyny, oý-pikirlerini, arzuwlaryny, gylyk-häsiýetlerini çuňňur öwrenmäge borçly edýär. Durmuşy öwrenmek talanty suwarýar, onuň köküni çuňlaşdyrýar, şahalaryny berkleşdirýär, tutuş katdyny dogumlandyrýar. Durmuşdan üzňe talant näçe güýçli bolsa-da, kem-kemden guramak bilen bolýar.

1962 ý.