Kepemeýär derýalaryň suwlary,

Belent-belent daglar olaň gözbaşy.

Daglardanam beýik ýürekden çykýar,

Eneleriň egsilmejek gözýaşy.

                  ***

Bu gözýaşlar köp döküldi ozallar,

Bu garabagyrlar öňdenem kebap.

Indi geliň bir bolgusyz zat üçin

Onuň dökülmegne bolmalyň sebäp.

                ***

Olar ynjasalar aglarlar hökman,

Olar begenseler aglarlar hökman.

Ýagşymy siz, ýamanmy siz, barybir,

Şu ýönekeý hakykaty unutmaň.

                 ***

Güneş dänesi dek bu gözýaşlary,

Bir bolgusyz galmagala satmalyň.

Diňe begenende aglary ýaly,

Olary hemişe aýap saklalyň.

                 ***

Kepemesin derýalaryň suwlary,

Ýykylmasyn beýik-beýik gözbaşy.

Şondan beter aýylganç zat barmykan 

Dökülip gutarsa ene gözýaşy?..

 

 Halyl KULYÝEW.