Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderSyýahatçylyk

Kebelekler jülgesi

23-01-2023 / 50

Türkiýe özüniň gözel tebigaty, özboluşly binagärlik hem-de şähergurluşyk keşbi bilen haýrana goýýar. Şonuň üçin hem Türkiýe dünýä boýunça syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýurtlarynyň biridir. Ýurtda syýahatçylygyň ösmegi, şeýle-de öz halkynyň hem lezzetli dynç almagy üçin ýüzlerçe desgalar guruldy. Şolaryň biri-de Konýada ýerleşýän «Kebelekler jülgesidir».

Ol Türkiýede gurlan ilkinji «kebelekler seýilgähidir». Bu ýerde 12 müň kebelek ýaşaýar. Ýylyň dowamynda bu seýilgähe ajaýyp keşpli kebelekleriň dünýäsi, ýaşaýşy, olaryň aýratynlyklary barada gyzyklanýan tomaşaçylaryň ýüz müňlerçesi gelip, gözelligiň jadylaýjy älemine seýil edýärler. Bu ýerde kebelekleriň görnüşlerine, ýaşaýyş aýratynlyklaryna görä ähli şertler döredilipdir. Olar üçin seýilgähde ýörite agaçlardyr güller ekilipdir, emeli köller döredilipdir. Ösümlik dünýäsiniň-de aýry-aýry kebelek görnüşleriniň ýaşaýyş şertine laýyk getirilendigini bolsa aýratyn bellemeli.

«Kebelekler jülgesiniň» binasynyň daş keşbi-de kebelegiň görnüşindedir. Binanyň her bölüminiň howa şertleri-de kebelekleriň degişli görnüşine laýyklykda kadalaşdyrylýar. Binada kebelekler üçin meýdançadyr aýmançalardan başga-da, sport bilen meşgullanar ýaly merkez, muzeý, çagalar bilen wagtyňy şowhunly geçirer ýaly bölüm, dynç alar ýaly çeşme-çaýly, tropiki ösümlikli bag-bakjalyklar hem ýerleşýär.

«Kebelekler jülgesi» suratkeşlerdir kebelekler baradaky ylmy öwrenýänleriň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Bu ýerde dünýäde seýrek duş gelýän kebelekleriň 50 görnüşiniň ýaşaýandygy tomaşaçylary has-da gyzyklandyrýar.

Guli UMIDŽANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com