Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Trend we gözellik

Kaktus miwesiniň peýdaly häsiýetleri

Ýer ýüzünde kaktuslaryň dürli görnüşleri belli bolup, olar esasan hem yssy ýerlerde has gowy ösýär. Kaktus özüniň köptaraplaýyn ähmiýeti bilen hem tapawutlanýan ösümlikleriň biri bolup, onuň synalary ýangyç hökmünde, mebel ýasamakda, derman, kosmetiki serişdelerini taýýarlamakda ulanylýar. Şeýle-de tohumlaryndan gymmatbahaly ýag, un taýýarlanylýar. Gülünden şypa beriji melhemlik çaý taýýarlanylýar. Maglumatlara görä, gadymy döwürde hem hindiler ýürek-damar kesellerini, kelle agyryny, içgeçmäni bejermek üçin onuň miwesini, baldagyny, köküni ulanypdyrlar.

Kaktus aprel aýyndan soň tutuş tomsuň dowamynda gülleýär. Awgust aýynyň ahyrynda miwe emele getirýär. Agramy 80-300 gr bolan etli miwesi köp tohumly bolup, reňki gyzyl we sarymtyl-ýaşyl bolýar. Düzüminde witaminleri, karotin, rutin maddalaryny, flawinoidleri, ýag, magniý, kalsiý, sink, demir ýaly elementleri köp saklaýar. Güllerinde aminokislotalary, antioksidantlary, nikotin kislotasy, minerallar baý. Miwesinde taýýarlanan şiresini içmek belli bir derejede ýaş bedende süňkleriň berkleşmesine ýardam edýär.

Häzirki wagtda ylmyň gazananlarynyň ösmegi bilen, beýniniň işjeňliginiň, ýadyň gowulaşmagyny, bedendäki metabolizm hadysasynyň kadalaşmagyny, ýaglaryň siňdirilmegini üpjün etmek üçin kaktusyň miwesi peýdalanylýar. Miwesini böleklere bölüp, arassa suwda gaýnadyp, ýarym sagat çemesi wagtda taýýarlanýan şiresini nahardan öň 3 çemçesini içmeklik aşgazanyň, böwregiň kadaly işjeňligini berkidýär.

 

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu