Ippoterapiýa – atlaryñ adam organizminde ýűze çykýan birnäçe keselleri bejerýän bejergi usuly. Häzirki wagtda iñ bir tanymal bejergileriñ biri bolup durýar. Bejerginiñ bu häsiýeti psihiki- fiziki taýdan adam organizmi üçin örän peýdalydyr. Geliñ, olara aýratyn düşündiriş berip geçeliñ.

Psihiki taýdan bejeriş ähmiýeti- Atlar örän ynamdar, wepaly jandar . Atlary görenimizde, islendik adamyñ psihikasy rahatlanýar, köşeşýär. Stress, depressiýa gaharjañlygy aýyrýar.

Dauna, autizm, poliýmelit, newroz kesellerinden ejir çekýänlere ähmiýeti has uludyr. Autizm, newroz kesellerinden ejir çekýän adamlar, atlar bilen aragatnaşyk saklanda, gürleşende, gezelenç edende olaryñ içki emosional duýgulary oýanýar. Daş – töwregine uýgunlaşyp başlaýarlar, adamlar bilen gürleşip başlaýarlar.

At üýtgeşik bir jandar. Çapyksuwarlar ýa-da islendik adam atlary sypalanda üýtgeşik duýgulary başdan geçirýärler. Adam bilen bu jandaryñ arasyndaky duýgy üýtgeşik bolýar. Atyň haýbatly, owadan durkuny görenimizde islendik bir adamyñ göwni göterilýär.

Fiziki ähmiýeti– at çapýan adamyñ ilki bilen süñkleriniñ, myşsalarynyñ berkemegi, adamyñ dik ýöremegine, göwresini dogry saklap, dik oturmagyna ýardam berýär. Ondan başga-da at çapanda, garyn-bil myşsalarynyñ işjeñligi artýar. Bu bolsa, oñurga ýiligi üçin ähmiýeti uly. Içki sekresiýa mäzleriniñ işleýşi ýokarlanýar we adamyň içki organlarynyñ işjeňligi artdyrýar.

Deri kesellerinde – deri we myşsalar üçin atlaryñ beden temperaturasynyñ gyzgynlygy has wajypdyr. Sagdyn atlaryñ beden temperaturasy 37,5- 38,5 gradus bolýandyr. Bu gyzgynlygy kesel adam ellände duýmalydyr.

Iñ esasy aýtmaly zatlaryñ biri hem, süýji kesel bilen ejir çekýän adam atyñ üstünde gezelenç edende, at çapanda şekeriñ gandaky mukdary sazlanýar.

Maglumatlary toplan: Merjen KADYROWA,

Lebap welaýat telewideniýasy.