Adam aklynyň kämilleşmegi bilen öz durmuşyna gerekli bolan zatlary ýaratmak bilen meşgullanýar. Dünýägaraýyşlaryň deňleşip barşynda internediň roly diýerli 100%. Mundan 10 ýyl ozal hiç kim internet kompaniýalarynyň üsti bilen  harytlary satmak üçin reklamalar arkaly şeýle uly netijelere eýe boljagyny hatda hyýalyna-da getiren däl bolsa gerek. Internet kompaniýalaryň eýeleri häzirki wagtda tebigy haryt bilen biznes edýänlere seredeniňde has köpräk peýda gazanýarlar. Bu hakda näçe gürrüňi uzaltsaň uzaldybermeli. Geliň, gowusy mowzugy gürrüňini etjek bolýan ugrumyza gönükdireliň. Ýagny, dünýädäki iň meşhur saýtlaryň sanawy bilen gysgajyk tanşyp geçeliň!

Saýt: Google.com

Döredilen ýyly: 1998 ý.

Esaslandyryjylar: Larri Peýdj we Sergeý Brin.

Girdeýjisi: esasy girdeýji Google AdWords programmasyndan. Google.com saýtyndan  bir  günde dünýä boýunça million, hatda milliardlap adamlar peýdalanýarlar.

Bu saýtyň esaslandyryjylarynyň biri Sergeý Brin 6 ýaşyndaka maşgalasy  Moskwadan Amerika göçüp gidýärler we şol ýerde Larri Peýdji bilen kompaniýany döredýärler.

Google-iň esasy hyzmaty bu google.com gözleg düzümi, Google Chrome brauzeri, Gmail poçta hyzmaty, suratlar bilen işlemek üçin niýetlenen Pixasa programmasy,  Android mobil ulgamy. Häzirki wagtda kompaniýa Google Glass äýneklerini çykarmagy göz öňünde tutýar.

Gyzykly maglumatlar:

  • google.com domeni 1997-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-ne sanawa alnan.
  • Kompaniýada 26316 sany işgär bar (2011-nji ýylyň mart aýynyň 31-däki netijeler boýunça)
  • Kompaniýa girdeýjisi $177 mlrd we bu ABŞ-daky birnäçe banklaryň umumy hasabyndan köpdir.
  • 2006-ýyl Google $1,65 mlrdyň  ýerine Youtube – dünýädäki iň meşhur wideosaýta eýe boldy.
  • 2008-nji ýylda «Fortune» žurnaly “Google” işlemek üçin iň amatly ýer diýip yglan etdi.
  • Häzirki wagtda Google brendleri iň meşhur we gymmat brendler hökmünde $200 mlrda bahalanan.

 

Saýt: Facebook.com

Döredilen  ýyly: 2004 ý.

Esaslandyryjysy: Mark Sukerberg

Girdeýjisi: $1,2 mlrd (2010-ýyl)

Dünýädäki iň uly internet tory

Gyzykly maglumatlar:

  • 2005-nji ýylda $200 000 ýerine facebook.com domenini satyn aldy.
  • 2007-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Microsoft Facebookyň 1,6 % aksiýasyny $240 mln satyn aldy.
  • 2010-njy ýylda SecondMarket Inc. maglumatlaryna görä, Facebookyň nyrhy  $41 mlrd diýlip bahalandyryldy.
  • Facebook dünýädäki 3-nji  uly internet kompaniýasy hasaplanýar ( Google we Amazondan soň).
  • Mark Sukerberg dünýädäki ilkinji ýaş milliarder hökmünde sanawa girizildi (23 ýaş).
  • Facebook internet torunda 700 mln peýdalanyjy hasaba  alnan (2001 ý.).
  • Facebook hakyndaky ,,Internet tory” filmi 2010-njy ýylda iň gowy film diýlip yglan edildi we ,,Altyn globus” baýragyny aldy.
  • Bilermenler Facebook kompaniýasyny $60 milliarda bahalaýar.

 

Saýt: YouTube.com

Döredilen ýyly: 2005 ý.

Esaslandyryjylar: Stiw Çen, Çad Hýorly, Jawed Karim.

Girdeýjisi: wideo saýty 2006-njy ýyl Google kompaniýasy tarapyndan satyn alnan.

Iň meşhur wideosaýt bolup, ol dünýä boýunça 3-nji orundaky saýtdyr. Saýty 2005-nji ýylyň 3-nji maýynda PayPal kompaniýasynyň öňki işgärleri Stiw Çen, Çad Hýorly, Jawed Karim dagylar döretdiler.

Gyzykly maglumatlar:

  • Her güni YouTube-da 2 mlrd wideolar görülýär.
  • Ilkinji wideo (18 sekuntlyk wideorolik) 2005-nji ýylyň 23-nji aprelinde YouTuba ýerleşdirilen.
  • YouTubyň rusça wersiýasy 2007-nji ýylyň 14-nji noýabrynda işläp düzülen.
  • Eger YouTubdaky ähli wideolaryň minutlaryny goşup çyksaň, 48 mln sagatlyk wideorolik hasyl bolýar (2011 ýyl).

 

Saýt: Yahoo.com

Döredilen ýyly: 1995 ý.

Esaslandyryjylar: Dewid Faýlo we Jerri Ýang.

Girdeýjisi: : $424,2 mln (2008 ýyl)

Dünýädäki ikinji gözleg düzümi.

1994-nji ýylyň ýanwarynda Dewid Faýlo we Jerri Ýang ,,Jerriniň bütin dünýä tory boýunça syýahat edýän ýolagçylary” diýip atlandyrylan saýty döretdiler.

1994-nji ýylyň aprel aýynda bolsa, bu saýta “Yahoo” diýip at berdiler.

1995-nji ýylyň mart aýynyň 2-sinde bolsa, Yahoo korparasiýasy işläp başlady.

Gyzykly maglumatlar:

  • 1997-nji ýylyň 8-nji martynda Yahoo RocketMail atly iň ýaşy uly poçta serwisi öz işine başlady.
  • Yahoo! -nyň ýaşy uly bolup, ol internediň ähli geçiş döwürlerini başdan geçiren.

 

Saýt: Baidu.com

Döredilen ýyly: 2000 ý.

Esaslandyryjysy: Robin Li, Çarirman we başgalar.

Girdeýjisi:  : $38,668 mln (2006-ýyl)

Hytaýyň iň meşhur gözleg düzümi

Gyzykly maglumatlar:

  • baidu.com indeksinde 740 mln web-sahypalar bar.
  • 2006-njy ýylyň aprel aýynyň 20-sinde bu gözleg düzümi “Baydupedia” taslamasyny işe girizdi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Gunça ORAZOWA,  

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.