Iňlis dilini bilmek üçin näçe söz öwrenmeli soragynyň jogaby köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek! Şeýle hem Iňlis dilini öwrenmek üçin näçe sagat wagtymyzy dil öwrenmek üçin sarp etmeli bolarys?  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi saýtynyň döredijilik topary siziň üçin bu soraglaryň jogaplaryny taýýarlapdyrdylar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli “Makul sözlük-akylly sözlük” taslamasynyň çäklerinde, iňlis dilini uludan kiçä, ählimize aýratynlykda taýýarlanan köp sanly işler durmuşa geçirildi.

Bellemeli zat, iňlis dilini öwrenmek üçin diňe sözleri bilmek ýeterlik bolman, eýsem, grammatik taýdan hem iňlis dilini öwrenmek gerek. Biz bu makalamyzy söz baýlygy nukdaýnazaryndan taýýarladyk. Iňlis dilini öwrenmek prosesi umuman 6 basgançaga aýrylýar we olar – “Beginner”, “Elementary”, “Intermediate”, “Upper  Intermediate”, “Advanced” we “Proficiency” basgançaklarydyr. Bu basgançaklar degişlilikde, halk arasynda A1, A2, B1, B2, C1 we C2 basgançaklary ady bilen bilinýär.

1 derejesi ýa-da “Beginner”

Iňlis dilinde A1 derejesi, iňlis dilini öwrenmek üçin iň aşaky basgançak kabul edilýär. Dogry “A0” basgançagyny hem bellemek gerek. “Starter” basgançagy hem diýip aýdylýan “A0” basgançagy üçin 100 söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. “Starter” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 45 sagat ýeterlik.

“Beginner” basgançagy ýagny A1  üçin bolsa 500 söz bilmek gerek! Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “2.5;  2.0” bolsa, olar TOEFL synagynda  “0-39” arasynda bal alyp biler! “Beginner” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin biz 90-100 sagadymyzy sarp etmeli bolarys!

Mälim bolşy ýaly, “Makul Sözlügiň” Çagalar üçin sözlük bölümi bolan “Suratly Sözlük” bölüminde 375 sany suratly söz iňlis we türkmen dillerinde  ýazmaça we sesli berilýär. Şeýle hem, “Oýunly Sözlük” bölüminde bu 375 sany söz oýunlaryň üsti bilen özleşdirilýär. Bu bolsa, bu bölümdäki sözleri doly özleşdiren çagalaryň A1 derejesine ýakyn derejede iňlis dilini özleşdirip biljekdigini görkezýär.

Oýunly Sözlük” we  “Suratly Sözlük” bölümleri üçin degişli ýere basyň!

A2 derejesi ýa-da “Elementary”

Bu bölümi özleşdirmek üçin ortaça 1000 söz bilmek zerur diýlip kabul edilýär.  Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “3.5;  3.0” bal bolsa, olar TOEFL synagynda  “40-56” arasynda bal alyp biler! “Elementary” derejesinde 180-200 sagady aralygynda wagtymyzy Iňlis diline sarp etmeli bolarys!

Makul Sözlügiň “Suratly Sözlük”bölümine her bir surat we söz üçin çagalar üçin ýeňil boljak bir sözlem ýerleşdirildi we suratdaky sözler sözlemler bilen has aňsat özleşdiriler ýaly şert döredildi. Bu sözlemleri özleşdirilenler jemi  1080 sany sözi öwrener. Bu bolsa, olara “Elementary” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin mümkinçilik döreder!

Oýunly Sözlük” we  “Suratly Sözlük” bölümleri üçin degişli ýere basyň!

B1 derejesi ýa-da “Intermediate”

Intermediate derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 2000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “5.0;  4.5” bal bolsa, olar TOEFL synagynda  “57-86” arasynda bal alyp biler! “Intermediate” derejesinde  Iňlis dilini öwrenmek üçin azyndan 350-400 sagadymyzy bu dile aýyrmaly bolarys.

Makul Sözlügiň “Makul Sözlem” bölüminde jemi 700 sözlem berilýär. Bu sözlemler durmuşda iň köp ulanylýan sözlemler bolup, “Oýunly Sözlem” bölümi bilen şol sözlemleriň düzüliş usullary doly düşündirilýär. Bu bolsa, “Intermediate” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin “Makul Sözlem” bölümini özleşdirmegiň peýdasyny görkezýär.

Makul Sözlem” we  “Oýunly Sözlem” bölümleri üçin degişli ýere basyň!

B2 ýa-da “Upper Intermediate”

“Upper  Intermediate” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 4000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “6.5;  6.0” bal bolsa, olar TOEFL synagynda  “87-109” arasynda bal alyp biler! “Upper  Intermediate” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 500-600 sagadymyzy sarp etmeli bolarys!

“Makul sözlem” bölümi jemi 4300 sözden ybarat bolup, bu bölümi özleşdirenler Iňlis dilini “Upper  Intermediate” derejesinde öwrenmek üçin mümkinçilige eýe bolarlar.

Makul Sözlem” we  “Oýunly Sözlem” bölümleri üçin degişli ýere basyň!

C1 ýa-da “Advanced”

“Advanced” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 8000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “8.0;  7.5” bal bolsa, olar TOEFL synagynda  “110-120” arasynda bal alyp biler! “Advanced” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 700-800 sagat möçberinde wagtymyzy Iňlis diline sarp etmeli bolarys.

C2 ýa-da “Proficiency”

“Proficiency” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 16000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “   9.0;  8.5” bolsa, olar TOEFL synagynda  iň ýokary  baly alyp biler! Iňlis dilini suwara bilmek aňsat däl, bu köp zähmeti we wagty talap edýär. Iňlis dilini örän gowy derejede öwrenmek üçin 1000-1200 sagat wagtymyzy bu dile sarp etmeli bolarys. Bu bolsa her günde 1 sagat iňlis dilini öwrenmek üçin aýyrsak, “Proficiency” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin azyndan 3 ýyl wagt gerekdigini görkezýär.

Makul Sözlük” özünde jemi 15790 sany sözi özünde jemleýär. Bu bolsa, “Makul Sözlügiň” “Proficiency” ýagny, örän gowy derejede Iňlis dilini bilmek üçin ýeterlikdigini görkezýär.

Çeşme: atavatan-turkmenistan.com