Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...

Iňlis dili barada bulary bilýäňizmi?

25-01-2023 / 5022

• Iňlis dilinde “month”, “orange”, “silver”, “purple” sözleriniň kapyýalaşýan sözleri ýokdur.

• Terjime edilen “düýş, düýş görmek” diýmekligi aňladýan “dreamt” sözi ýeke-täk “mt” harpy bilen gutarýan sözdür.

• Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gepleşik dilinde ulanylýan iňlis dili nemes, latyn, fransuz dilleriniň birleşmeginden emele gelipdir.

• Iňlis dilinde “set” sözüniň beýleki sözlere seredende has köp kesgitlemesi bar.

• “Underground” sözi “und” bilen başlanýan we şol bogun bilen gutarýan ýeke-täk sözdür.

• Iňlis dilinde ulanylýan sözleriň sany diýseň köp bolup, ortaça her 3 sagatdan täze söz goşulýar.

• Ýer ýüzünde iňlis dilinde gepleýänleriň sany ortaça 1,6 mlrd deň.

• Iňlisçe iň uzyn bir bogunly söz “screeched”.

• “Tremendous, horrendous, stupendous, hazardous” diýen dört sözler “dous” bilen gutarýan ýeke-täk sözlerdir.

• Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp “e” harpydyr.

• Oksford sözlügine görä, iň uzyn iňlis sözi – “pneumonoultramicroscopicsilicovolcanokoniosis”.

• Iňlis dilinde diňe bir sözde harplar gaýtalanman ýazylýar. Ol söz 15 harpdan ybarat bolan “uncopyrightable” sözüdir.

• Iň köp peýdalanylýan sypat “good” we “well” sözleridir. Belli bolşy ýaly, bu sözleriň ikisi-de “gowy” diýmekligi aňladýar.

• “The quick brown fox jumps over the lazy dog” diýen sözlemi iňlis diliniň elipbiýindäki ähli harplary bar bolan sözlemdir.

• Dünýä derejesinde çap edilýän makalalaryň, habarlaryň agramly bölegi, ýagny 98% – i iňlis dilindedir.

Taýýarlan: Gunça ARAPOWA,
Darganata etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com