Halypalaryň biriniň ýanynda onuň täzelikde gazetde çykan makalasy hakda öwgüli sözler aýdaýmanmy?! Ol ýüzüme seretdi-de: «Pylany jan, goýsana şu gürrüňiňi. Ýüzüme öwseler meň halamaýanymy bilýäň-ä sen… Türkmen hiç wagtam adamy ýüzüne öwýän däldir» diýdi. Onuň aýdan sözleri meni oýlandyrdy. Özüme nätanyş duýgy bolany üçin «Aý, oýun edýändir ýa-da aýdanlaryma ýasamadyr öýdendir» diýip pikir etdim. Emma ýazan zady hakykatdanam öwgä mynasypdy.

Soň tanyşlarymyň birine bu hakda gürrüň berenimde ol: «Aý, diýse diýäýýändir, öwseler kem-ä ýaraýan däldir-le…» diýdi. Ýöne halypanyň aýdýan zatlarynyň «janynyň barlygyna» soň-soňlar düşünip ugradym.

«Ökdeden ökde, ussatdan ussat bar» diýilýär. Eger biri saňa ökde diýse, özi bilmezden, senden ökdäni kemsitdigi bolmazmy?! Ahmal halypa şony göz öňünde tutandyr… Kim bilýär?!

 

* * *

Bir gezek elinden kitap düşmeýän dostlarymyzyň biri ýylgyrdy-da: «Birbaly tanaýaňmy?» diýdi. «Ýo-o» diýip, başymy ýaýkanymdan gürrüň bermäge durdy:

Gadym wagtlarda Birbal diýip bir hindi filosofy bolan. Şol bir gezek çägäň ýüzüne uzyn çyzyk çyzypdyr-da, «Haýsyňyz şu çyzygy eliňizi degirmän kiçeldip bilersiňiz?» diýip şägirtlerinden sorapdyr. Jadygöýlige düýbünden ynanmaýan, gipnozdanam bihabar bolan şägirtler bu soraga geň galyp, jogap agtarypdyrlar. Ahyrynda netije bolmansoň, soragyň jogabyny Birbalyň özi aýtmaly bolupdyr. Ol haýdan-haý çyzan çyzygynyň gapdalyndan ondan biraz uzynrak çyzyk çyzýar-da, meseläni «çöp döwen ýaly edýär.

— Ine, gördüňizmi! Şuny çyzmasaň, şu-da hil bir uzyn ýaly bolup durandyr… — diýipdir.

…Şondan bäri men hakda öwgüli söz aýdyp ugradyklary, «Birbaly tanaýaňmy?» diýiberýän…

 

* * *

Kerim Gurbannepesowyň goşgularyny okaýarkam, şeýleräk setirlere gabat geldim:

Gum hem özi üçin hasyl berenok,

Suw hem özi üçin berenok tagty.

Bulut hem öz-özün ýuwundyranok,

Gün hem özi üçin saçanok ýagty.

Hemmesiniň aladasy-gaýgysy —

Biri-biriniň bagty.

Goşgudaky agzalanlaryň her biri dünýämiz üçin iňňän möhüm. Şolardan ýekeje biri öz işinde biraz kemçilik goýberäýninde-de diýseň kyn ýagdaýa düşjegimiz belli. Emma, biz olara öwgüli sözler aýtmaga beýle-de dursun, hat-da düýbünden pikir etmän, asla olaryň barlygyny ýatdan çykarýan wagtlarymyzam az bolanok. Ýöne olar munuň üçin kiçelip ýa-da gaty görüp ýörenoklar. Edýän işlerini sessiz-selemsiz etmek bilen özleriniň beýikligini ýene bir gezek subut edýärler.

Birine meňzemeli, görelde almaly bolsa ilki bilen tebigatdan görelde alardym. Il-gün üçin eden işleriň hasabyna beýgelmekden uly bagt barmyka beri?!

Aşyr SAPAR.

Tags :