
16-njy martda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Milli bahar baýramynyň öň ýanynda okuwçy gyzjagazlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyran bäsleşige deslapky tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşdylar.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, jemleýji tapgyrda olar üç şert boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Husasan-da, birinji şertiň mazmunyny eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar düzdi. Milli egin-eşikleri geýnen, şaý-sepleri dakynan gyzjagazlar olary şahyrana sözler bilen wasp edip, ikinji şerti ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa olar öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşip, alaja, jorap ördüler, keşde etdiler, haly çitimlerini çitip görkezdiler.
Eminler topary gyzjagazlaryň her bir çykyşyna mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitlediler. Netijede, baş baýraga Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Akpamyk Satlykowa mynasyp boldy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogulnäzik Döwletowa birinji, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jahan Jumadurdyýewa 2-nji, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Fatima Orazgeldiýewa 3-nji orunlary eýelediler.
Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.