Şu gün “Iň eýjejik gyzjagaz – 2021” bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry Aşgabat şäheriniň 88-nji orta mekdebinde geçirilýär. Däbe öwrülen bu bäsleşik her ýyl  bahar paslynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2021» atly şadyýan bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykarmaga ýardam berýär.

Bäsleşik barada giňişleýin maglumaty www.yashlar.gov.tm saýtynda okap bilersiňiz.