Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Iň beýik açyşlary tebigat salgy berýär

18-02-2022 / 5055

Tebigatdan öwrenmegi, sapak almagy başarmaly. Möýleriň kerebi berkdigi sebäpli ep-esli wagtlap şol asyl durkuny saklaýar. Kerebiň bu aýratynlygy esasynda iňlis alymy S. Braun asma köprini gurmagyň usulyýetini oýlap tapýar. Ine, bu-da durmuşdan bir mysal.

Şeýle mysaly näçe diýseň getirse bolar. Gürrüň ol mysallaryň köplüginde ýa azlygynda däl. Iň beýik açyşlary alymlara tebigat salgy berýär. Bir gün Nýutonyň üstüne alma gaçanlygy sebäpli onuň bütindünýä dartylma kanunyny açandygyny kim bilmeýär?!

Ozonyň ýunan sözüdigini, «ysly» diýen manyny berýändigini, kislorodyň özgeren görnüşidigini, gök reňkli partlaýjy maddadygyny, onuň Ýeri Günüň şöhlesinden goraýan üstki daşky gurşawymyzyň ýigriminji kilometrinden kyrkynjy kilometrine çenli gabat gelýän gatlagydyny, ony ilkinji gezek 1785-nji ýylda belli golland fizigi Marumyň açandygyny köpler bilýändir. Ozon gatlagy Günüň ýiti, ýakyp-ýandyryjy şöhlesini süzüp, ýumşak, jana ýakymly şöhleleriniň Ýere inmegini üpjün edýär. Ähli perdeler şöhleleriň ýumşaklagyny tutup galýar, ýitilerini bolsa goýberýär. Bu fizikanyň kanunydyr. Ýöne ozon gatlagy fizikanyň bu kanunyna ters gelýär: ozon gatlagy şöhleleriň ýowuzyny adamlaryň depesinden inderenok, inderse, onda Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar ýanjak, küle öwrüljek. Bize ozon gatlagy ýaşaýyş berýär. Ol günüň ýakyp-ýandyrýan ýitiligini özüne siňdirýär.

Bir netije gelip çykýar: tebigata bal bilen ýag ýaly gatyşyp, garyşyp ýaşamaly! Tebigat bilen sazlaşykda bolmaly, onuň diline düşünmegi başarmaly!

Azat ÇARYÝAROW,

Balkan welaýat gümrükhanasynyň Işgärler bölüminiň uly gözegçisi, uly leýtenant.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com