Ilon Mask özüniň Twitterdäki muşdaklary bilen Marsda ýene näçe ýyldan şäher peýda boljakdygy baradaky pikirlerini paýlaşdy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Şeýle hem “SpaceX”-iň ýolbaşçysy kompaniýanyň birnäçe gezek ulanmak üçin niýetlenen kosmos gämisine zerur bolan “Raptor” raketa hereketlendirijileriniň önümçiligini artdyrmak isleýändigini belläp geçdi. Ýeri gelende bellesek, “Raptor” raketa hereketlendirijileri diňe “Marsa” adamlary daşamak üçin döredilendir.
Twitter ulanyjylarynyň biri kompaniýanyň näçe Raptor hereketlendirijisini öndürmegi maksat edinýändigini sorady. Mask oňa kompaniýanyň 800-den 1000-e çenli hereketlendiriji öndürmegi meýilleşdirilýändigini aýtdy.

“Marsda özüne ýetesi şäher gurmak üçin gerek bolan floty 10 ýylda döretmäge köp zat zerurmyka diýýän. Şäheriň özi, belki, 20 ýyl töweregi wagt alar, şonuň üçin hem ol 2050-nji ýyla çenli gurlar diýip umyt edýäris”-diýip, Mask pikirini paýlaşdy.