Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Reportaž

Iki kürek

Bir gezek syýahatçy gaýykçydan özüni beýleki bir kenara alyp gitmegini haýyş edipdir. Ýolagçy gaýykda oturan wagty küregiň ýüzündäki ýazgylar onuň ünsüni çekipdir. Olaryň birinde “Pikirlen” beýlekisin-de bolsa “Berjaý et” diýen ýazgy bar eken.

— Seniň birgeňsi kürekleň bar — diýip, syýahatçy dillenipdir.

— Ýogsa-da olar näme üçin?..

Gaýykçy ýylgyryp:

— Seret – diýipdir. Ol ilki diňe “Pikirlen” diýen küregi bilen küreklemäge başlaýar. Gaýyk duran ýerinde pyrlanmaga başlapdyr.

— Käwagtlar men bir zatlar edendirin, oýlanandyryn, meýilleşdirendirin öýdýärdim… Ýöne olaryň hiç birisem peýda bermedi. Bir görsem, edil şu gaýyk ýaly duran ýerimde aýlanyp duran ekenim. Gaýykçy soňra diňe “Berjaý et” diýen ýazgyly küregi bilen küreklemäge başlapdyr. Gaýyk ýene-de pyrlanyp ugrapdyr, ýöne bu gezek başga bir tarapa.

— Käwagtlar başga bir çärelere ýüz urýardym. Köp güýjümi we wagtymy dereksiz sarp edýärdim. Pikirlenmän, oýlanyp-ölçermän hereket edýärdim. Ýöne netijede, ýene-de şol bir ýerde aýlanyp durardym.

— Ine görşüň ýaly, indi çep kürek bilen sag küregi sazlaşykly çekmegimi ýatladar ýaly olaryň ýüzüne şeýle ýazgyny haşamladym. Diňe şonda isleýän menziliňe ýetip bolýar – diýip, gaýykçy ýylgyrypdyr.

 

Terjime eden: Merjen ÝAZLYÝEWA.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu