Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Hytaý aýtgylaryndan parçalar

06-01-2023 / 212

Bilim, eýesine elmydama eýerýän baýlykdyr.

Şükür etmek gowy adamy has gowy, erbet adamy bolsa hasam erbetleşdirip bilýär.

Dünýäde ähli zady başaryp biljek adam ýokdur.

Eşidenime ynanamok, görenlerimiň ýarysyna, edýän zatlarymyň ählisine ynanýaryn.

Ulularyň islegleri, ejizleriň bolsa umytlary bar.

Üstünlik köp zat öwredip bilmez, ýöne şowsuzlyk birnäçe zady öwreder.

Bir işe başlamak juda aňsat, ýöne şol işi ýöretmek gaty kyn.

Bilmek söýmek ýaly owadan däl, söýmek hezil etmek ýaly gowy däl.

Gahar bilen bir salym sabyr etseňiz, ýüz günlük ökünçden halas bolarsyňyz.

Goňşy itleriň hemmesiniň bir wagtyň özünde üýrmegi tötänden däldir…

Pikirleriňizi däl-de, söýgiňizi beriň.

Bilýän we bilenini bilýändigine göz ýetiren akyllydyr. Oňa eýeriň. Bilýän ýöne bilýändigini bilmeýän ukudadyr. Bilmeýän we bilmeýändigini bilýän bolsa akmakdyr. Ondan gaça duruň!

Dostluk – kömelegiň tagamyna meňzeýär. Zäherli ýa-da zäherli däldigini diňe iýeniňden soň bilip bilersiň..

Eşidenlerimi ýatdan çykarýaryn, görenlerim ýadyma düşürýärin, edenlerime düşünýärin.

Her kim ýüzlerçe adamyň ömrüni başdan geçirýär, ýöne olaryň diňe birini ýatda saklamaly. Bu siziňki bolup biler!

Üýtgedip boljak zatlary üýtgetmäge güýç, üýtgedip bolmajak zatlary kabul etmek üçin sabyr we ikisini tapawutlandyrmak üçin paýhas gerek.

Bar zady bilen kanagatlanmaýan, aljak zady bilen asla kanagatlanyp bilmez.

Sorag berýänler bäş minutlyk nadan ýaly görünýärler, aslynda sorag bermeýänler hemişelik nadan bolup galýarlar.

Optimist adam her betbagtçylykda bir pursat görýär, pessimist bolsa her pursatda betbagtlygy görýär.

Sypaýylygyň gapysyny açmak kyn.

Gaty begençli wagtyňyz hiç kime söz bermäň. Gaharly pursatyňyzda-da hiç kime jogap bermäň.

Geljegiň ähli gülleri şu günüň tohumynda.

Gün dogandan gün ýaşýança howlukýanlar uzak ýaşamaýarlar.

Ýüregiňizde ýaşyl şahany saklasaňyz, aýdym aýdýan guşlar size geler.

Nämedir bir zatlary satyn alanyňyzda gulagyňyzy däl-de, gözüňizi ulanyň.

Mesele guýynyň çuňlugy däl-de, nyşana ýetmeýän ýüpüň gysgalygydyr.

Ähli zadyň gözelligi bar, ýöne her kim ony görüp bilmeýär.

Haýal gitmekden hiç gorkmaň, ýöne ýere durmakdan gorkuň.

Diwar gurlansoň, kerpiç ýasaýjy unudylýar.

Hiç bir iňňäniň iki ujy ýok.

Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com