Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Hünärmeniň maslahaty: ýaş atlary nädip seýislemeli?

Müngä öwredilen taýlary seýislemegiň maksady olary ilkinji çapuw bäsleşiklerine taýýarlamakdan ybaratdyr. Ol seýislerden, çapyksuwarlardan giň göwrümliligi, seýisçilik tejribäni we her bir taýyň gylykhäsiýetlerini, nerw gurluşyny gowy bilmekligi talap edýär.

Taýlar ilki seýislenip başlanan döwründe olaryň aýaklarynyň siňirdir myşsa, aýak-damar ulgamlaryna, aşyklyk, dyz, bakan bogunlary ulgamlaryna agram düşýär, bakanlary ýellenmegi mümkin. Kähalatlarda öň injiginiň öň tarapynda barmak geriji muskulyň siňir böleginde örän agyryly süňk üsti gaty çiş emele gelýär. Şonuň ýaly çişler emele gelende olary işletmeli däl, gowy bejerilýänçä ýatakda saklamaly we weterinar lukmana aýaklaryny bejertmeli bolýar.

Türkmenistanyň şertlerinde taýlary çapuwlara taýýarlamak maksady bilen seýislemegi üç döwre bölmek bolar.

Birinji taýýarlaýyş döwri dekabr, ýanwar aýlarynda geçirilip, ýaş atlaryň bedenini yzygider müngi – ýöriş işlemekligi, gorgunyna ýöremegi, sag we çep egne işledip öwrümli hereketleri we çapuw ýoda-da toparlaýyn işlemegi öwretmäge – umuman, münüşi we taýlaryň hereketleriniň görnüşlerini kem-kemden kämilleşdirmäge ugrukdyrylýar.

Ikinji döwür fewral-mart aýlarynyň aralygydyr. Ýaş atlaryň siňirdir baglaýjy ulgamlaryny berkitmäge, myşsalaryny we dem alyş ýollaryny ösdürmäge, gursagyny giňeltmäge we güýjüni artdyrmaga gönükdirilen ýöriş, gorgun, öň atdyrma ýaly hereketlerde işletmeli bolýar. Ýaş atlaryň şol döwürde ösüp boý alýanlygyny ýatdan çykarmaly däl.

Üçünji döwür mart aýynyň aýaklary — aprel aýlarynda taýlary öň atdyryp daruw işletmek bilen olary öňdäki çapuwlara taýýarlamak bolup durýar.

Taýlary seýislemegiň birinji basgançagynyň soňlaryna çenli döwürde olar dürli hereketlerde yzygider işledilmäge öwrenişýär, olaryň muskulatursy birneme berkeşýär we  ösýär. Şeýlelikde, taýlary seýislemegiň birinji tapgyrynyň soňunda öň atdyrmaga başlamak gerek bolýar.

Çalt hereket etmek ahalteke atlarynyň ganynda bar, ýaş atlar özlerinden näme talap edilýänine gowy düşünýär we seýislemek işleri gowy ýola goýlanda ýyndam işlemäge taýlaryň özi höwesjeň bolýar. Ýöne taýlaryň ol häsiýetini ulanyp, olara zor berip çapmaly däl we 5-8 gün aralygynda iki gezek darap işledilenden soň, taýlara bir hepde agyr işletmekden dynç bermeli.

Seýislemegiň ikinji döwri tamamlanandan soň, iki ýaşarlara 10-12 gün (interwal) dynç bermeli bolýar. Dynç berilýän günleri birinji tapgyryň aýagyndaky ýaly atlar ýeňil gezimler bilen işledilmelidir.

Seýislemegiň üçünji tapgyry başlanýar. Bu döwürde taýlar öňde duran aýlaw synag çapuwlaryna gutarnykly taýýarlanylmalydyr. Şu döwre çenli iki ýaşar atlar ýodalarda işledilmäge gowy öwredilen, muskullary ýeterlik ösen, yzygider seýislenmek bilen endamynda ýagyň, suwuň mukdary azalýar we iç ýagy galmaýar diýen ýalydyr.

Üçünji basgançagyň maksady atlara talap edilýän aralygy, mümkin bolan aňryçäk doly güýjüne çapyp geçmegi öwretmek bolup durýar. Şonuň üçin öň atdyryp işletmek we daruw işletmek ýeňil hem kada girizilen tertipde öwrenişdirilmelidir. Üçünji tapgyryň dowamlylygy ýaş atlaryň haçan çapuwlara gatnaşyp başlaýanlygyna baglydyr.

Maksat GARÝAGDYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com