“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi agzybir halkymyz bilen bilelikde mynasyp derejede belläp geçýärler. Olar bu senäni şu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, milli Liderimiziň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we oňyn döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli, çuňňur mazmunly we giň möçberli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek ugrundaky ýokary netijeler bilen garşylaýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diplomatiýasynyň ilkinji “ kerpiçlerini ” goýan halypalar barada söz açmak, olaryň söhbetini diňlemek aýratyn buýsanç döredýär. Şuny nazara alyp, biz hem milli diplomatiýa ulgamynyň ösmegine ägirt uly goşandyny goşan, ömrüniň manyly we ýokary netijeli zähmet ýoluny diplomatik gullugyna bagyşlan «Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi» Amangeldi Rahmanowyň durmuş we zähmet ýoly barada söhbet etmegi makul bildik.

—Amangeldi Rahmanow, Sizi diplomatik gullugyň işine höweslendiren ýagdaý barada bilmek geljekki diplomatlar üçin hem, okyjylar üçin-de täsirli bolsa gerek, gürrüňi şondan başlaýalyň…

— Men ýörite diplomatik gulluga taýýarlanmadym. Ýöne meniň iş tejribämiň gorundaky esasy saldamly goşandy hünäri boýunça mugallym kakam-ejemden, şeýle hem halkymyzdan susulyp alyndy diýsem, dogry bolar. Sebäbi türkmen halkynyň häsiýetinde, ýol-ýörelgelerinde diplomatlar üçin zerur bolan häsiýetler sanardan köp. Zerur bolan endikler, başarnyklar hem şolaryň esasynda, ýyllaryň dowamynda jemlendi. Men bulary ynamdyr maksatlarymyň we häsiýetimiň gözbaşy hasaplaýaryn.
1967-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri fakultetini tamamladym. Şondan soň şol wagtky SSSR-iň «Sputnik» atly halkara ýaşlar syýahatçylyk guramasynyň Türkmenistan boýunça wekili wezipesinde işledim. 1975-nji ýylda ykbal meni diplomatiýanyň ýoluna çykardy. 1992-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň baş sekretary, ministriň orunbasary wezipelerinde işledim, öňki Sowet Soýuzynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasynda daşary syýasatyň meseleleri boýunça doktorlyk ylmy işimi goradym. Bu tejribeler soňky diplomatik işlerimde, zähmet ýolumda meniň üçin uly goldaw boldy.
1992-nji ýylyň martynda maňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasyna Garaşsyz Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy bolup gatnaşmak we BMG-niň belent münberinden ýaş türkmen döwletiniň we hökümetiniň adyndan çykyş etmek hormaty miýesser etdi. Şol taryhy sessiýada Garaşsyz Türkmenistan dünýäde iri halkara gurama bolan BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Ýaş türkmen diplomatiýasy üçin aýratyn jogapkärli bolan şol döwürde men Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi derejesinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekili wezipesine bellendim. Diplomatiýanyň wezipe basgançagynda örän jogapkärli wezipe bolan bu işi men iň naýbaşy tejribe mekdebi hasaplaýaryn.
Elbetde, ähli diplomatlar ýaly, meniň üçin hem her bir hünär üstünligim – munuň özi kynçylykly we tutanýerli zähmetimiň çür depesi bolup durýar. Diplomatiýanyň inçe syrlaryny döwletimiziň bähbidine tabyn etdirmek bilen, daşyndan göräýmäge özümde aýratyn bir dartgynlylygy duýdurmadym.Ýöne ynanylan ýokary wezipeleriň her biri bimöçber zähmet, ägirt uly akyl we fiziki güýç-gaýraty jemlemegi talap edýärdi. Şunda diňe bir öz başarjaňlygyň däl, eýsem garamagyňdaky hünärmenleriň bilelikdäki zähmetiniň netijeliligini gazanmak hem baş zerurlyk bolup durýardy.

— Iş tejribäňizde ýatdan çykmajak wajyp hem täsirli wakalar hem bolandyr, şolar barada hem gürrüň beräýseňiz!

— Şeýle wakalar az bolmandy. Durmuşymdaky unudylmajak wakalaryň ählisiniň ýurdumyzyň, döwletimiziň bähbitleri bilen baglanyşyklydygy aýdyňdyr. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň işine gatnaşandygym barada ýatlap geçenlerim mysal bolup biler. BMG-niň ýolbaşçylaryny, dünýä bileleşiginiň wekillerini ýaş Türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasaty bilen jikme-jik tanyşdyrmak, BMG-niň täze agza döwleti hökmünde Türkmenistanyň BMG-niň Düzgünnamasyndan gelip çykýan öz borçlaryny doly ýerine ýetirjekdigi barada mejlise gatnaşan wekiliýetleri ynandyrmak — arzuw edeniň bilen ýetilýän paý däl, şonuň üçin bu ýagdaý ýatdan çykmajak wakalaryň başyny çekýär.
Ýene-de bir mysal. 1992-nji ýylyň ýanwarynyň başynda maňa türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary hökmünde ilkinji türkmen-hytaý gepleşiklerinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakyndaky Protokola gol çekilişige gatnaşmak miýesser boldy. Bu resminama iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň taryhynda hil taýdan täze sahypany açypdy. Birnäçe ýyldan soň bolsa meniň paýyma bu beýik ýurtda Türkmenistanyň ilkinji doly hukukly wekili bolmak hormaty düşdi. HHR-niň DIM-niň ýolbaşçylygy tarapyndan 2001-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmen Ilçisine ýollanan hatdaky: «A. Rahmanow örän zehinli we tejribeli diplomat we alym hökmünde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösmegine örän uly goşant goşdy…» diýen ýazgylary okanymda, örän buýsananym ýadymda.

— Her bir kärde kynçylyklar ýüze çykyp durýar. Olar, kähalatlarda, adamyň howuny hem basýar. Şeýle pursatlar Sizde-de boldumy we şonda goldaw berýän maslahatçyňyz barmy?

— Diplomatik iş ähli döwürlerde diňe bir jogapkärli ýa-da howatyrly iş bolman, eýsem onuň kynçylyklary hem kän. Şonuň üçin hem diplomatyň, aýratyn hem ägirt uly jogapkärçilik ynanylan Ilçiniň işinde dürli häsiýetli kynçylyklar ýüze çykyp biler. Özüm barada aýtsam, men hiç wagt işimi ýeňil iş hasaplamadym, oňa ýüzleý çemeleşmedim, işim meniň üçin mydama ýokary jogapkärçilikli we kynçylykly. Ýöne köp ýerde häsiýetime-de daýandym. Belki-de häsiýetim, hakykatdan hem, meniň diplomat bolmagyma kömek edendir?! Şonuň üçin hem men hemişe özümi parahat we sowukganly alyp barmak, kynçylyklary mümkin boldugyça başarjaňlyk bilen ýeňip geçmäge çalşypdym. Üstesine-de, çykgynsyz ýagdaýyň ýoklugy baradaky düşünjäni hemişe aklymyň töründe saklaýaryn. Kynçylykly ýagdaýlar bolanda, tesellini mydama öz maşgalamda tapypdym. Bu bolsa maňa her gezek dury akyl bilen kynçylyklara garşy hereket etmäge itergi beripdi. Seredýän meselämiz bilen baglylykda zehinli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň goşgusyndan bir parça getireýin:

Dury paýhas bilen, dury aň bilen,
Ne iş etdik? Yza bir garaly biz,
Kynçylykdan geçen bolsak sowulyp,
Diňe özümizi ýazgaraly biz.

— Halypa diplomat hökmünde ýetişdiren şägirtleriňiziň arasynda Sizi has buýsandyrýanlary barada näme aýdyp beräýseňiz?

— 2010-njy ýylyň 24-nji dekabrynda TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda dabaraly ýygnak bolup, oňa Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Ýygnakda Türkmenistanyň Daşary işler ministri çykyş etdi. Ol sözünde meniň diňe bir bu institutdaky mugallymlaryň we geljekki türkmen diplomatlarynyň däl, eýsem ähli türkmen diplomatlarynyň halypasy bolup durýandygymy belledi. Şunuň özi bu sowala jogapdyr. Men şägirtlerime mydama zerur bolan ýardamy, maslahaty bermäge çalyşýaryn, olara guwanýaryn.
Mysal üçin, haçanda men Hytaý Halk Respublikasynda ýurdumyzyň ilçisi bolup işlän döwrümde (1995-2001) diplomat Parahat Durdyýew ilçihanamyzda geňeşçi wezipesinde işläpdi. Soňky ýyllarda P. Durdyýew Ilçi wezipesine we derejesine ösüp ýetişdi: Hindistanda ýurdumyzyň Ilçisi bolup işledi, häzir bolsa ol HHR-da ýurdumyza wekilçilik edýär. Umuman men Parahady halypasynyň ynamyny ödän, ýokary derejeli diplomatlarymyzyň arasynda iň taýýarlykly diplomatlarymyzyň ilkinjilerinden biri diýip hasap edýärin.
Ýene-de bir mysal getireýin. HGI-niň häzirki ýolbaşçysy Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen institutyň açylan ilkinji gününden başlap bile işläp gelýäris. 2020-nji ýylyň aýagynda meniň ylmy ýolbaşçylygymda “Türkmenistanyň Orta Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy” atly temadan dissertasiýa gorap, taryh ylymlarynyň kandidaty alymlyk diýen derejesine eýe boldy. J. Gurbangeldiýew häzir “Beýik Seljuk döwletiniň daşary syýasy diplomatiýasy” atly doktorlyk dissertasiýasynyň üstünde işleýär.
Şägirtlerimiň ýene biri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew hem 1992-nji ýylda diplomatik işine meniň ýolbaşçylygymda ýurdumyzyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynda başlapdy. Soňra ykbal maňa bu tejribeli diplomatyň kandidatlyk dissertasiýasyna ylmy ýolbaşçy bolmak bagtyny hem ýazdy. Şunuň ýaly halypa-şägirt gatnaşyklary ýaly mysallary men öz tejribämden näçe diýseň getirip biljek.

—Halypa mugallym milli diplomatiýamyzyň geçmişden geljege uzan uly ýoluny geçen ussat hökmünde türkmen diplomatiýasynyň geljegine nähili baha berýärsiňiz?

— Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen diplomatiýasynyň örän aýdyň geljegi bar. Munuň üçin biziň daşary syýasatymyz, şol syýasaty gönüden-göni durmuşa geçirýän diplomatik gullugymyz halkymyzyň saýlap alan ösüş ýolunyň netijeliligini has giňişleýin, ýokary derejede üpjün eder. Bu bolsa ýurdumyzyň syýasy-ykdysady ugrunyň ýokary depginler bilen ösmeginde, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň dünýä nusgalyk derejede, yzygiderli ýokarlanmagynda öz beýanyny tapar.
Ýene-de bir bellemeli ýagdaý, ulgamy habar bilen üpjün etmekde, habar bilen işleşmekde degişli sanly tehnologiýalaryň orny näderejede uly hem bolsa, hiç bir emeli akyl, hiç bir robot hiç haçan diplomatlaryň ýerini tutup bilmez. Şonuň üçin hem ozalkylar ýaly türkmen diplomatlarynyň esasy wezipesi syýasy taýdan ýitilik, öňdengörüjilik, başgalaryň garaýyşlaryna dogry baha bermek we öz ýurdumyzyň bähbitlerini dogry kesgitlemek we doly üpjün etmek bolup durýar.

— Hormatly mugallym geljekki diplomatlara berjek maslahatlaryňyzy hem beýan edäýseňiz!

— Olar ilkinji nobatda gowy, göreldeli okamaly we öz saýlap alan hünäri boýunça ýeterlik ylym-bilim binýadyny edinmeli. Ýagny, milli we dünýä diplomatiýasynyň taryhyny, dünýä syýasatyny çuňňur öwrenmeli; adamlar bilen gatnaşyklary ýola goýup, düşünişip bilmeli, adamlary ynandyrmagy, öz kärdeşleriň bilen özara kabul ederlikli kararlary tapmagy başarmalydyr; gepleşikleri alyp barmakda hiç bir elektron serişdesi göni aragatnaşyklaryň ýerini tutup bilmez. Ýöne muňa seretmezden, geljekki diplomat habar tehnologiýalaryny, şeýle hem sanly diplomatiýany örän gowy özleşdirmelidir; öz halkynyň dilini, şeýle hem azyndan iki daşary ýurt dilini (halkara we diplomatyň işleýän ýurdunyň dilini) suwara bilmelidir.
Diplomatiýa – gepleşip, ylalaşyp bilmegiň sungatydyr. Daşary syýasy meseläni çözmegiň mundan başga hiç hili jadyly usuly ýokdur. Geljekki, şeýle hem hereket edýän diplomatlara aňrybaş ussatlyk derejesine ýeten halypalaryň tejribesini öwrenmek üstünlikli diplomat bolmaklygyň ygtybarly kepilnamasydyr.
— Köp sag boluň halypa! Bu täsirli söhbetdeşlik we maslahatlaryňyz üçin Size hoşallygymyzy bildirýäris we bize okamaga, öwrenmäge, tejribe toplamaga, Siziň ýaly ussat halypalardan hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris! Şu pursatdan peýdalanyp hormatly Prezidentimizi, halypa diplomatlarymyzy, şol sanda Sizi ýetip gelýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni bilen gyzgyn gutlaýarys!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Jahan ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.