Bahar paslynyň ilkinji günlerinde milli bahar baýramynyň önüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel ýerleriniň biri bolan «De Luxe» banket zalynda «Hrustal liliýa» atly bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy. Bu bäsleşige ýurdumyzda, esasanam paýtagtymyzda hereket edýän tanymal hyzmat ediş öýleri, gözellik salonlary, sowgatlyk harytlary bilen birnäçe dükanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň hemaýatkäri  bolan “Mähirli Zenan” kärhanasynyň ajaýyp logosy ýerleşdirilen bannerler, çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýardy.

Dünýäniň gözel görünmegi adamzadyň döredýän gözellikleri bilen sazlaşanda ajaýyp keşbi emele getirýär. Ynsanyň ruhuna we keşbine gözellik goşýan lybaslar, şaý-sepler, öýmeler, toý hyzmatlary, dürli sebäpler bilen berilýän sowgatlyklar görenleriň ylhamyny joşduryp, kalbyňy heýjana salýar. Bu hyzmatlar her bir ynsany ýaşlyga, juwanlyga, bagtly günlere şaýat edýär.

Bu günki geçirilen bäsleşige gatnaşýan her bir hyzmat öýleri halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy üçin mümkinçilikleri döredip bermäge çalyşýan ildeşlerimizdir. Bu ildeşlerimiziň ýürek joşgunlary esasynda dörän  buýsançlar bolsa saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan ýazga geçirildi hem-de ýazmaça görnüşinde saýtymyzyň sahypasyndan orun aldy.

 

Gülnabat KAKALYÝEWA,

«Nagyşly güzer» lybaslar öýi.

-Bahar paslynyň ilkinji günlerinde geçirilýän «Hrustal liliýa» bäsleşigine gatnaşmak biziň toparymyza-da miýesser etdi. “Dünýäni gözellik saklaýar” diýen jümle biziň toparymyzyň we kärdeşlerimiziň durmuşynda orun alan setirleriň biri. Ynsan durmuşyndaky gözellik onuň şu gününe we geljegine, ruhy dünýäsiniň baý bolmagyna şert döredýär. Biziň «Nagyşly güzer» lybaslar öýümizde birnäçe hyzmat işleri alnyp barylýar. Milli we döwrebap lybaslaryň, matalaryň dürli görnüşleri bar. Biz elmydama halkymyzyň hyzmatynda. Müşderilerimiziň islegleri biz üçin gymmatly we olar bilen işleşmek bize lezzet berýär.

 

 

 

 

Maýa ATABAÝEWA, “Maýa öýmeler”

«Hrustal liliýa» bäsleşiginiň geçirilmegi we toparymyz bilen bu bäsleşige gatnaşmagym meni diýseň begendirýär. Bäsleşigiň geçirilmegi öz hyzmatlarymyz bilen ynamly öňe gitmegimize täze-täze üstünliklere, täze başlangyçlar bilen ýolumyzy dowam etmeklige itergi berýär.

Zenan mertebesi, zenan gözelligi onuň ahlak arassalygynda, geýýän milli lybaslarynda we başa daňynýan milli öýmelerinde. Başy öýmeli türkmen zenany görenleri haýrana goýýar. Başa ýaglyk, öýme daňynmak gadymy edim-gylymlara daýanýan ýörelge hökmünde seredilýär. Olar gelinlerimiziň, enelerimiziň buýsanjy bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda dürli görnüşli ýaglyklar, öýmeler döwrebap nagyşlar bilen bezelip, zenanlarymyzyň görküne görk goşýar. «Maýa» öýmelerde öýmeleriň 3 müňden gowrak görnüşleri bar. Zenanlarymyzyň öýmeli isleglerini kanagatlandyrmaga doly mümkinçilik döredilen. Müşderilerimiziň islegleri ugrunda zähmet çekmek, her bir zenanlarymyzy begendirmek biziň maksadymyz.

 

Bäsleşigiň jemleri boýunça goşmaça maglumat berilýär.

 

Taýýarlan: Şaperi OTUZOWA,

Surata alan: Arslan MÜLLIKOW.

TÜRKMENgazet.com saýtynyň döredijilik topary.