Ol söýginiň gözleginde

gözleriñe duçar boldy.
Öñler-ä ot ÿaly gyzdy,
yşka köÿen naçar boldy.

Ahwalyny bilmän-bilmän,
Şu güne çen gülman-gülmän,
Indi ökde gülek boldy,
Bir kesirdi, gyñyrdy-da,
Wah oňa duşup, oñardyñ-da,
Baÿ-baÿ, indi bir mysapyr,
Bir mylaÿym melek boldy.

Seniñ üçin dünÿe bir ÿan,
ÿeke özi-de bir ÿan boldy.
Juda-juda bagtlylyka-da,
gussalardan girÿän boldy.
Ol görgüljik saña duşup,
gamly düÿşler görÿän boldy.

Ellerinden tutjak çagyñ:
“Ÿok” diÿse-de gaÿta-gaÿta,
Göwünjeñem boldy ol.
Joralarynyñ ÿanynda
sen hakynda aÿda-aÿda,
Öwünjeñem boldy ol.

Öÿkeläñde, elini däl,
adyny hem tutmadyñ,
Gül ÿaly ady barka,
atsyz boldy, “A gyz” boldy.
Öÿkelände, ÿalbaryplar dyza çökdüñ
Hakyky şagyzy boldy…
Şeÿde-şeÿde yrdyñ
ony,
Şeÿdip saña razy
boldy.

Gülnabat Begenjowa,

žurnalist.