Döwlet Baştutanymyzyň tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek üçin, olary doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bilim hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan degişli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Telekommunikasiýalar we informatika institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.