Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Hindistanda täze Prezident saýlandy

22-07-2022 / 5046

Hindistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda Milli demokratik guramadan dalaşgär Draupadi Murmu ýeňiş gazandy, diýip, «Indian Express» gazeti habar berýär.

Habarda aýdylyşyna görä, Murmu 64 göterimden gowrak ses aldy (676 803 sany), garşydaşy Ýaşwant Sinhadan (380 177 sany ses) tapawut bilen ýeňiş gazandy.

Murmu Santal halkynyň wekilidir. Ol Hindistanyň Prezidenti wezipesini eýelän ikinji zenan boldy. 2015-nji ýylda Murmu bäş ýyllyk Jharhand gubernatory wezipesine saýlanypdy.

Bellemek gerek, Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň möhleti 24-nji iýulda dolýar. Ýurduň Konstitusiýasyna görä, bellenen senä çenli täze Prezident saýlanylmagy hökmanydyr. Täze Prezident Murmu bolsa 25-nji iýulda kasam kabul eder.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com