Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

02-04-2022 / 5021

1-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

Paýtagtymyzyň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy.  Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi.

Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň ugratmagynda “Ýyldyz” myhmanhanasyna tarap ugrady.

2-nji aprelde Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-hindi duşuşygynyň ilkibaşdan dostlukly, özara hormat goýmak we ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyr boljakdygy şübhesizdir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com