Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Göwün küýsegiSlider

Hezillik tut bişen köçelerde bar…

Men her gün şu ýol bilen işe gidýän. Hawa, şu tutly köçeli ýol bilen. Gündogar tarapdaky ýanýoda bilen gitsemem bolýa welin, tut bişse, bu ýeriniň hezili başga. Nädip aýagymyň şu ýana çekýäninem bilemok. Derrew eňiberýän. Bir zada seredip, kän zady ýatlap barsaň, ýol diýeniňem, näme, önüberýär. Gowy görýän bu ýerini. Entegem agşamara gelip gör. Tut bary setir-setir düzülgi bu köçede. Agy gerekmi ýa garasymy… islän görnüşiň tapdyrýar. «Erte-birigün-ä bişse gerek» diýip barýanyň ýaňy ýalam bolsa, eýýäm leýs bolşup ýatyrlar, hana. Çaga baram gyzyl-gyran daşynda. Ýüz-gözlerini tuda boýap duruşlaryna ýylgyrman seredibem bolanok. Şonda-da hiçisi kemim bar diýmez. Arassaja nazarlarynyň aňyrsyndan «bu daýy tut iýmäni gowy görmeýärmikä?» diýip, gaýta seniň bolşuňy geň görerler.

Guşlar hem rysklaryny çöpleýär bu ýerden. Jürkde-jürk bolşup, gör, olaryň bolan bolaýyşlaryny. Duranja bir toýuň bar-da. Goýry kölegäň aşagynda käte gaýdyşyn: «Bu şagalaňy azajygam bolsa synlaýyn» diýip dyz epýärin. Beýle gowy pursatlaryň az bolýanyna gynanmanam baramok şonda. Ýokardan patylap ýere gaçýan tutlaryň sesine diň salyp oturyşyma, häzir ho-ol bökjekläp ýören çagalaryň biri däldigime indi, birhili, gyýylýanam. Ejemiň ýörite tut iýýän ýerimize gelip: «Agşam düşdi, hany, öýe ýygnanyň indi» diýşi ýadyma düşýär birdenem. Şonda-da gaýtmajakdandyk, diýenimiz bolsa. Çagalyk-da. Ejeleri ýa doganlary yzlaryndan: «Öýe gaýtmaly» diýip geläýmese, irgözinden öýlerine köwlenjek gümanlary-ha ýok bularyňam. Gelse, gelýändirlerem. Şu ýerde wagt tapyp, uzak otursam, ony hem görsem, görerdim. Arman, ulalaňsoň «wagt atla, biz pyýada» öwrüläýýäris-dä.  

Şunça şatlygyň bir ýere jemlenmegine sebäp bolýan şu tut agaçlary bolmadyk bolsa, bu ýerdäki beýle hezillik nireden bolardy? Olary giň köçäniň kenaryna ekip giden adamlaryň bitiren sogap işleri barada-ha aýtmalam däl. Sebäbi ol gürrüň iki sözlem bilen beýan ederden has uzak. Bu şowhuna kesesinden näçe adam ýylgyryp geçdikä? Näçe kişi çagalygyny ýatlap dyz epdikä bu ýerde? Ýogsa-da, şeýdip näçe çagany ulaltdyka bu köçe? Şu soraglara berlip barşyma, gapdalymdan ýöräp barýan iki sany ýigidiň özara gürrüňdeşligi gulagyma ildi. Olaryň biri bolsadyny gaýgyrman, aňsadyna bakýan söz diýen bolarly. Dosty oňa kinaýa bilen: «Nirede bar onuň ýaly hezillik?» diýip sorag berdi. Hezillik sözüne meňzeş ýeriň edil jümmüşinden keýpikök halda gelşime onuň sowalyna öz ýanymdan eşidiler-eşidilmez edip: «Hezillig-ä tut bişen köçelerde bar» diýdim-de, gidiberdim.  

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu