Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarPsihologiýa

Her kim özüniň bagbany

13-04-2021 / 5107

Her kim öz durmuşynyň bagbany. Bagbanyň ekine, baglara ideg edişi ýaly, biz hem özümizi taplamaly. Durmuş – bir gämi, ony saga ýa-da çepe öwürmek öz elimizde. Durmuşda gowy zatlara ýetmek bolsa şol gämä — durmuşyňa erk edişiňe bagly. Durmuşda kynçylyk hem köp. Kynçylyk — bu täze bir mümkinçilik diýmekdir. Islendik zadyň hökman bir gowy tarapynyň bardygyny unutmaly däl. Kyn bolup görnen her bir zatda hem many çykaryp we peýdalanyp boljak örän köp oňyn pikirler gizlenip ýatandyr.

Şol düşünje hem bizi has öňe iterýär. Kyn ýagdaýlarda kimdir birinden maslahat soramalydyrys. Öz işlerimiz bilen başagaý bolup, köpden bäri gatnaşyklarymyz seýreklän gapylara täzeden barmalydyrys. Täze gatnaşyklary açmalydyrys. Käbir gylyk-häsiýetlerimizi gaýtadan gözden geçirmelidiris. Iň bärkisi, akylymyzyň kämilleşmegi üçin hem zähmet çekmek gerek. Eger edýän işimiz birbada başa barmaýan bolsa, onda biz şu ýagdaýymyzda az-kem başgaça pikirlenip, onuň dürli ýollaryny, usullaryny saldarlap görmegimiz gerek. Üstünlik gazanmak üçin haýsydyr bir hal-ýagdaýlaryň, şertleriň gowy bolmagy esasy şert däldir. Şowsuzlyk saňa ýazylan gutarnykly çözgüt hem däldir, ol diňe has tijenmegiň üçin ýatlatmadyr. Bu durmuş ýollarda mert bolalyň, ýan bermäliň, ejizlemäliň, zeýrenmäliň.

Ähli durmuş ýagdaýlaryny hemişe asuda köňül, giň göwün bilen kabul edeliň. Durmuşyň nämeler gizläp, ýygşyryp goýandygyna ýada nämeleri görkezendigine garamazdan, ony diňe ýagşy umyt, güler ýüz bilen garşy alalyň. Akyl kompasynyň diljagazy bahanalara däl-de, çözgütlere tarap bakyp durmalydyr. Şeýle bir söz bar: “Üstünlik bu bir merdiwandyr. Iki eliňi jübüňe sokup otursaň, merdiwandan aslyşyp bilmersiň”.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com