16 sany

Taýýarlamak üçin: 40 minut

Gerekli önümler:

1 paket taýýar köke

30 gram mesge

1 bulgur şeker

1 labne peýniri

100 ml suwuk krem

2 sany ýumurtga

1 wanilin

200 gram ýertudana ýa-da islegiňize görä miwe

1 nahar çemçe limon suwy

Bir çaý çemçe gyrgyçdan geçirilen limon gabygy

1 nahar çemçe jöwen krahmaly

100 ml suw

Taýýarlanylyşy:

Kökeleri owradyjy enjamda owradyň. Eredilen mesgäni hem goşup, garyň. Kiçi galyplara ýelmeşmez ýaly kagyzlar ýerleşdiriň. 1 nahar çemçe köke püresinden alyp, aşagyna goýuň. Üstünden çemçe bilen basyň.

Başga bir gapda labne peýnirini we şekeri garyň. Suwuk krem goşup ýene garyň. Ýumurtgalary hem goşup garmaga dowam ediň. Un we wanilini hem goşuň we garyň.

Peç gabyna ýokarda taýýarlanan kökeli galyplarymyzy ýerleşdiriň. Her birine taýýarlanan garyndydan 2 nahar çemçe goýuň. Peç gabyna hem suw salyň.

Ýertudanalaryň 50 gramyny bezeg üçin aýryp goýuň. Galan ýertudanalary, 2 nahar çemçe şeker, limon suwy we limon gabygyny bir gazanda garyp bişiriň. Ýertudana ýumşansoň, otdan aýryp, blender arkaly püre ýagdaýyna getiriň. Ýene oda alyp, üstüne suwda açylan krahmaly salyň. Çizkeýki ilki gyzdyrylan peçde 160 gradusda 20 minut bişiriň. Sowanyndan soň, üstüne ýertudanaly siropy akdyryň, hemde galan ýertudanalar bilen bezäň.Azyndan 3 sagat holodilnikde saklansoň, işdämenlik bilen iýiň! Işdäňiz açyk bolsun!