Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Harby gullukçylarymyz höweslendirildi

29-09-2022 / 5104

28-nji sentýabrda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby gullukçylara hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Mukaddes harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sylaglara mynasyp bolan harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de döwletimiziň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň hem-de hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com