Türkmen halkynyň edebiýatynyň taryhynda şöhratly yz goýan şahsyýetlerimiziň biri hem Muhammet Baýram han Türkmendir. Ol 1498-1561-nji ýyllarda ýaşap geçen tanymal şahsyýetdir. Muhammet Baýram han barada ýazylan maglumatlary okanyňda onuň diplomatiýanyň taryhynda yz goýandygyny we ylalaşykly ýaşaýyşa, agzybirlige çagyrandygyny anyk görmek mümkin.  Muňa mysal edip, Baýram han Türkmeniň Mogollaryň imperatory Humaýuny Sefewi türkmen döwletiniň hökümdary Tahmasp bilen ýaraşdyrmagyny görkezip bolar. Ol bu bitiren beýik hyzmaty üçin iki hökümdarlaryň kararlary esasynda «Hanlaryň hany» diýen beýik ada mynasyp bolupdyr. Muhammet Baýram hanyň diplomatik missiýalarda bitiren işleri örän köpdür. Onuň ilkinji diplomatik ýeňişi barada aýtsak, onuň Mandu galasyny ele salmak ugrundaky ýeňşini mysal getirip bolar. Türkmenistan we Hindistan ýurtlarynyň taryhynda ajaýyp gymmatlyga eýe bolan taryhy şahs Baýram hanyň bitiren hyzmatlaryna bu gün hem ýokary baha berilýär.

Häzirki döwürde gözel paýtagtymyzyň giň we döwrebap köçeleriniň biri bolan Magtymguly şaýoluna özboluşly gözellik berýän Muhammet Baýram han Türkmeniň heýkeliniň hem çuň taryhy bar. Bu işiň awtory zehinli heýkeltaraş merhum Mommy Seýitmyradowdyr. Ol özüniň ýaşan döwründe türkmen halkynyň geçmiş taryhy bilen içgin gyzyklanypdyr we alymlar, döredijilik işgärleri, edebiýatçylar taryhçylar bilen elmydama söhbetdeş bolupdyr.

Şahyryň ýaşan döwri ony has hem gyzyklandyrypdyr. Şeýlelikde, heýkeltaraş özüniň arzuwyny hasyl etmek maksady bilen 1975-nji hem-de 1987-nji ýyllarda Hindistana gidip gelýär. Ol şol ýerde şahyra degişli birnäçe maglumatlary toplaýar we  ýerli alymlarynyň işleri bilen tanyşýar. Şondan soň ol ähli zehin-ukybyny jemläp döredijilik işine başlaýar. Ol örän köp zähmet çekip, 1990-njy ýylda başlan işini Garaşsyzlygymyzyň iki ýyllyk baýramçylygyna taýýar edýär. Ol heýkel ilki gipsde guýlup, soňra Daşkentde Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky heýkeltaraşlaryň kombinatynda bürünje geçirilýär. Heýkeliň agramy bäş tonna bolup, heýkeltaraş Baýram han Türkmeni tagtda oturan ýagdaýynda ýasapdyr. Ol bu heýkelde akyldar, dana, maslahatçy hökmünde  görkezilipdir. Şonuň üçin awtor onuň elinde hat-ýazuw saklap duran nusgasyny şekillendiripdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen heýkeltaraşlarynyň eserlerinde türkmen taryhy şahslarynyň keşpleriniň döredilmegi –– halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna goýulýan sarpadyr.

Merjen JUMAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp.