Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSport

Hançžou-2022 Aziýa oýunlarynyň täze senesi mälim boldy

22-07-2022 / 5033

Hytaý üçünji gezek Aziýa oýunlarynyň ýer eýesi bolýar. XIX Aziýa oýunlary hem Hançžou şäherinde geçiriler.

Koronowirus sebäpli yza süýşürilen XIX Aziýa oýunlary 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda bolar. Bu hakda Aziýa Olimpiýa Geňeşi özüniň beýanatynda mälim etdi.

Aslyýetinde, Aziýa oýunlary 2022-nji ýylyň 10-15 sentýabry aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilmelidi. 6-njy maýda guramaçylar oýunlaryň nämälim senä yza süýşürilendigini habar beripdiler.

Bellemek gerek, Aziýa oýunlary üçünji gezek Hytaýda geçirilýär. 1990-njy ýylda ýaryşlar Pekinde, 2010-njy ýylda bolsa Guançžouda geçirilipdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com