Reportaž

HALYPALARY GÖREN HALYPA

“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.

Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetgurban Nazyyýew bilen döredijilik söhbetdeşligi.

Muhammetgurban Nazzyýew 1950-nji ýylyň 10-njy noýabryna Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda eneden bolýar. 1967-nji ýylda Aşgabatdaky Mollanepes adyndaky akademiki döwlet drama teatrynyň ýanyndaky üç ýyllyk teatr studiýasyna okuwa girip, ony 1970-nji ýylda tamamlaýar. Harby gullugy tamamlap, 1972-nji ýylda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda döredijilik ýoluna başlaýar. Teatrda halypa režissýorlar tarapyndan sahnalaşdyrylan “Gömülgen”, “Köýten nalasy”, “Myrryh ýyldyzynyň şuglasy”, “ Aldar köse”, “Söýgüniň haky üçin”, “Gaýyn eneme är gözleýän” ýaly sahna eserlerinde dürli häsiýetli, dramatiki ahwallary we wakalary başyndan geçirýän baş gahrymanlaryň ruhy dünýäsini tomaşaçylara açyp görkezmekde öz ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, zehinli artist hökmünde tanalýar. Şeýle-de görnükli režissýorlaryň biri Ata Gullarowyň sahnalaşdyran “Tereke”, “Mälik şa”, “Elwan ýaglykly serwim”, “Janserek” ýaly uly göwrümli, çuňňur manyly spektakllarynda hem ýatda galyjy keşpleri janlandyryp, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolup gelýär.
Muhammetgurban Nazzyýew 1998-nji ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medala, 2009-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” adyna eýe bolup, 2016-njy ýylda bolsa “Garaşsyzlygyň 25-ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglandy.

-Muhammetgurban aga teatr sungatyna gadam basmagyňyz, arzuwlaryň netijesimi ýa-da tötänlikmi?

-Elbetde “Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz” diýleni. Sungata bolan söýgi mende mekdep ýyllaryndan başlanypdy. Okuwçy wagtym ussat suratçy bolmagy arzuw edýärdim. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Yzzat Gylyjowyň we beýleki suratkeşleriň iş usullaryny ürç edip öwrenýärdim. Okuwdan boş wagtlarym Garagum derýasyna baryp, bagtyýar ülkämiziň ajaýyp keşbiniň suratyny çekýärdim. Mekdebiň çeper höwesjeňler gurnagyna hem uly höwes bilen gatnaşýardym. 1966-njy ýylda ýazyjy Taňyrguly Taganowyň “40 teňňe” atly kitabyndaky Magtymguly Pyragynyň durmuşyna degişli “Hoş gal Soňudag” atly bölümini sahnalaşdyryp, oňa režissýorlyk edip, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymgulynyň keşbini hem özüm döretdim. Bu sahna eseri welaýatda geçirilen festiwalda birinji orna mynasyp bolup, ýaryşyň baş baýragy maňa gowşuryldy. Bir gün mekdebimiziň dil edebiýat mugallymy, çeper höwesjeňler gurnagynyň ýolbaşçysy Aýjemal Ahmedowa ýanyna çagyryp:
-Seniň gowy suratçy bolmagyň mümkin, ýöne seniň ussat artist boljagyň welin aýdyň görünip dur. Sen sahna eserini ýazyp hem bilýäň, ony höwesjeň artistlere öwredip hem bilýäň. Ynanylan keşpleriň hem birkemsiz hötdesinden gelýäň. Eger meniň maslahatymy alsaňa, mekdebi gutaryp artislik ugrundan oka- diýip, maslahat berdi. Soňra men köp pikirlenip gezdim. Suratçylykdan hem el çekesim gelmedi. Artistlik hem özüne çekýärdi. Şeýdip inim, köp-köp oýlanmalardan soň, suratkeş bolmak arzuwymyň netijesinde, artistlige bolan höwes üstün çykdy. Orta mekdebi tamamlap 1967-nji ýylda Aşgabatdaky şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki döwlet drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasyna okuwa girdim.

-Muhammetgurban aga teatr atly jadyly sungatda ikinji halypalaryňyz we ilkinji ýerine ýetiren keşpleriňiz barada gürrüň berseňiz?

-Teatr studiýasynda okaýan döwrümde sungat ussatlary Türkmenistanyň halk artislari Bazar Amanowdan, Aman Gulmämmedowdan, Aman Gurbandurdyýewden, Durdymämmet Oraýewden, Nurmuhammet Keşşikowdan, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Oraz Hajymyradowdan, Aman Kömekowdan, Oraz Çerkezowdan teatr sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmek, olardan halypalyk maslahatlaryny, ussatlyk sapaklaryny almak bagty miýesser etdi. Studiýada diplom işimiz üçin sahnalaşdyrylan “Jadylanan Meleguş” atly oýunda birbada iki keşbi, Akbilegiň hem-de şazadanyň keşplerini janlandyrdym. Soňra harby gullugy tamamlanymdan soň 1972-nji ýylda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda döredijilik zähmet ýoluna başladym. Şol wagtky teatryň baş režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubow meni güler ýüz bilen garşy aldy. Režissýor A.Ýakubow şol wagt maňa dramaturg Taňyrguly Taganyň “Gömülgen” dramasyndaky baş keşp Aýdogdynyň keşbini ynandy. Teatrda işlän döwrümde dürli-dürli onlarça keşpleri döretdim. Olardan has ýerine düşen keşpler barada aýdanymyzda «Ynjamasyn eneleriň ýüreginde» Ilhanyň, «Wyždanda» Hemranyň, «Soňky okda» Wepanyň, «Bähbit pälwanda» Söýüniň, «Gar sowgadynda» Dumanşanyň, «Seljuknamada» Mäne babanyň, «Öwez öýlenende» Saňsarbabanyň, «Gyratda» Patyşanyň, «Babagammarda» Weli waswasyň, «Gudratly sungatda» weziriň, «Dogan doganyň galasynda» weziriň, «Jelaletdinde» Gara Hanjaryň, «Sargytda» Abdyljepbaryň, «Terekede» Nepesiň, «Elwan ýaglykly serwimde» Aman Žolowyň, «Ata pendinde» Ak sakal babanyň, «Mälik şada» Omar Haýýamyň keşplerini agzamak bolar.

-Muhammetgurban aga teatr sahnasynda keşp janlandyrýan pursatlaryňyzda ýatdan çykmajak wakalar boldumy?

-Gaty gowy sowal, ýatdan çykmajak pursatlar barada aýdanymda 1996-njy ýylda dramaturg Baýram Gurbanowyň ýazan «Babagammar» dramasynda her edip, hesip edip Gammary ýok etjek bolup ýören, il-günüň ýigrenýän häsiýetini özünde jemleýän Weli was-wasyň keşbi maňa ynanyldy. Bu oýun bir gezek Aşgabatda görkezilende ýerine ýetiren keşbime gowy baha berilip ter gül desseleri gowşuryldy. Özümi oýnan keşbim bilen tomaşaçylara ýagşyja ýigrendirendirin-dä, edil şol pursatda tomaşa zalynda oturan zenan maşgalanyň biri: “Şol meýde bir gül bermäň, ol oňa mynasyp däl, ol nejis adam” diýip gygyrdy. Diýmek, ýerine ýetiren keşbimiň ýerine düşdügi. Mundan başgada artistiň durmuşynda örän seýrek gabat gelýän keşpler bolýar. Olam durmuşda ýaşap ýören adamyň keşbi. Myrat Ömüriň “Sargyt” diýen spektaklynda germaniýaly telekeçi Abdyljepbaryň keşbini dünýä türkmenleriniň öňünde jalandyrmak maňa miýesser etdi we şol gün Abdyjepbaryň hut özi gelip, maňa gül gowşurdy, şonda tolgunyryjy we ýatdan çykmajak pursatlar boldy.

Awtordan: Ykbalyny teatr sungatyna baglaly bäri 50 ýyla golaý wagt geçen halypa artist Muhammetgurban Nazzyýew özüniň ýiti zehini, belent adamkärçiligi, zähmetsöýerligi, sahnada özüni mylaýym, medeniýetli alyp barşy bilen öz şägirtlerine görelde mekdebi bolup durýar. M.Nazzyýew teatryň sahnasynda şu güne çenli 150-ä golaý dürli-dürli häsiýetli keşpleri ussatlyk bilen janlandyryp, tomaşaçylaryň kalbynda ýaşaýar. Halypa artist hemişe ýatda galyjy keşpleri döretmek isleýär. Ol halkymyzyň geçmiş taryhyna degişli kitaplary köp okaýar. Ýüreginde besleýän päk arzuwlarynyň biri halkymyzyň geçmiş-taryhynda, öz akyl paýhasy, gujur-gaýraty bilen öçmejek yz galdyran taryhy şahsyýetleriniň keşplerini döretmek bolansoň, ol hemişe şeýle keşpleriň gözleginde bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän ajaýyp işlerinden ruhlanyp, kalbynda Watana, il-güne, saýlap alan hünärine bolan çäksiz söýgüsi bilen ýaşaýan halypa Türkmenistanyň at gazanan artisi Muhammetgurban Nazzyýewi 70 ýaşynyň dolmagy bilen ähli teatr muşaklarynyň adyndan, institutymyzyň halypa mugallymlarynyň we ruhubelent talyp ýaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Kuwwatgeldi ÇARYÝEW.
Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň talyby.
TMÝG-niň işjeň agzasy.

Ýene-de okap bilersiňiz

3 Synlar

  1. Gowy ýazylan söhbetdeşlik. Şu bäsleşik esasynda halypa artislerimizi, sungat ussatlaryny ýakyndan tanamaga uly mümkinçilik boldy. Minnetdar. Kuwwatgeldi galamyň ujy ýiti bolsun.

  2. Kuwwatgeldä uly üstünlik arzuw edýäris. Makalalryňy gazetlerde okaýarys. Şowly bolsun.

  3. Zehinli yaslary, zurnalistleri yuze cykaryp seyle baslesikleri gurnayanynyz ucin saydyn isgarlerine minnetdar. Kuwwatgeldi sizde ustinlik arzuw edyan teleyaylymlarda cykyslaryny goryas.

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu