Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Halyçylara täze önümhana sowgat berildi

31-05-2022 / 5047

Türkmen halysynyň baýramynyň öň ýanynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary täze önümhanany sowgat aldylar. Etrabyň Güýçbirleşik obasynda gurlan täze önümhanada halyçylaryň 100-e golaýynyň işlemegi üçin ähli şertler döredilipdir. Bu obada öň hem halyçylyk kärhanasy bilen şertnama baglaşyp, ajaýyp halylary dokap ýören ezber elli halyçylaryň sany az däl. Şeýle halyçylaryň has depginli işlemeklerine mümkinçilik berjek bu önümhanany «Altyn hum» hususy kärhanasy gysga möhletde gurup ulanmaga tabşyrdy.

Ululy-kiçili dokma enjamlary bilen üpjün edilen täze önümhanada geljekde dürli görnüşli buýurmalary ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Sebäbi halaçly ezber elli halyçylaryň ellerinden çykýan owadan we täsin halylara hyrydar juda kän.

Her ýyl Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara sergä halaçly halyçylaryň hödürleýän halylaryna daşary ýurtlardan gelýän halyşynaslar we hünärmenler ýokary baha berýärler. Şeýle uly baha mynasyp bolýan milli halylarymyzy dokaýan halaçly halyçylar baýramçylyk sowgady we döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar.

Merdan BEGLIÝEW,
TDP-nyň Halaç etrap komitetiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com