Awtory: Oguljeren BAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň mugallymy.              

Bagtyýar döwrümizde mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halyçylyk sungatyna berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň medeni mirasynyň iň gymmatly hazynasy bolan bu sungat kämillik derejesine çykarylyp, ösdürilýär. Türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. «El hünäri il gezer» diýilşi ýaly, asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda gelin-gyzlarmyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär. Türkmeniň halyçylyk sungatynda şanly geçmişimiz, şu günümiz hem, geljegimiz wasp edilýär. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyz türkmen halysynyň şan-şöhratynyň artmagyna uly üns berýär. Köpleri özüniň nepisligi bilen haýrana goýan türkmen halylarymyz toýlarmyzyň, öýlermiziň bezegi. Irki döwürlerden bäri dokalyp gelýän «Guş gölli» halymyz dünýäde özüniň owadanlygy gaýtalanmajak gözelligi, şeýle hem, özüniň gyzyl reňki bilen äleme meşhurdyr. Häzirki döwürde halyçy zenanlarymyz «Guş gölli» halyny täze döwrebap görnüşde, ýagny ak reňkde hem-de göllerini sekizburçlugyň içinde edip dokaýarlar.

Halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip, kämilleşip gelýär.Munuň şeýledigine irki döwürde dokalan hallylar bilen XX asyrda dokalan we XXI asyrda dokalýan halylar deňeşdirilende göz ýetirmek bolýar. Irki döwürlerde haly önümleri öýüň bezegi bolmak bilen bir hatarda öý goşlaryny salmakda esasy esbaplaryň biri bolan bolsa, häzirki döwrümizde bezeg üçin giňden ulanylýar. Döwür özgerdigiçe, gelin-gyzlaryň el hünäriniň görnüşleri hem kämilleşýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edilip dokalýan haly önümleri çitme we kakma görnüşlerinde dokalýar. Maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde türkmen haly we haly önümleriniň gadymy nusgalary dikeldilip, halylaryň hili, reňki, görnüşleri döwrebaplaşyp, göllerinde, nagyşlarynda ýagty reňkler ulanylyp, haly sungatynda uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolunýar. Gelin-gyzlarmyz tarapyndan sünnälenip dokalýan türkmen halysy hem çeper elleriň astynda ösüpdir, özgeripdir we kämilleşipdir. Ýurdumyzda çeper halyçylyk kärhanalary köpelip, dokmaçy gelin-gyzlarymyzyň sany gün-günden artýar.

Dünýä jahankeşdelerini, alymlaryny haýrana goýýan gözelligiň we kämilligiň baýdagy bolan milli türkmen halylarymyz taryhyň uzak dowamynda ene-mamalarymyz tarapyndan döredilip gelnen beýik sungatdyr, beýik gudratdyr!