Halkara zenanlar güni – gelin-gyzlaryň söýgüli baýramydyr. Bütin dünýäde bu baýramçylykda gelin-gyzlara ajaýyp sowgatlar, güller berilýär. Bu baýram gözelligiň, baharyň baýramydyr. “Türkmen gazet” saýty hem bu baýramçylygyň dünýä ýurtlarynda bellenilişi bilen tanyşdyrmak üçin öz okyjylaryny gaýybana syýahata çagyrýar.

Ýaponiýa. Ýapon halkynyň mart aýynda 2 uly baýramçylyklary bar. Birinjisi – Hina Matsuri, ikinjisi – gyzlaryň we şetdalynyň gülleýän baýramy. Şeýle-de 14-nji martda gelin-gyzlaryň güni baýram edilýär. Bu baýramçylygy ýaponlar öz aralarynda “Ak gün” diýip atlandyrýarlar. Ýaponiýada bu baýramçylyklarda gelin-gyzlar 14-nji fewralda sowgat beren adamyndan sowgat alýar.

Bolgariýa. Gelin-gyzlaryň güni Bolgariýada hem bellenilýär. 8-nji martda her kim öz ýakynlaryny gutlaýar.

Kuba. Kubada Halkara zenanlar güni ähmiýetli baýramlaryň biri hasaplanýar. Ähli ýerleri  baýramçylyk şowhuny gurşap alýar.

Uganda. Halkara zenanlar güni bu ýurtda milli däpler bilen baglanyşykly hasaplanýar. Bu ýurtda suw ýetmezçiligi bar. Munuň sebäbini zenanlar bilen bagly gadymy rowaýatlaryň esasynda düşündirýärler. Bu baýramçylykda gelin-gyzlar ajaýyp şaý-seplerini dakynýarlar, tans edýärler, öz aladalaryny unudýarlar. Ýörite “Janjobi” atly festiwallar geçirilýär.

Wýetnam. Bu ýurtda 8-nji mart güni uly baýram edip bellenilýär. Sebäbi 2 müň ýyl mundan öň ýurduny goran Çing doganlaryň hatyrasyna gelin-gyzlara aýratyn hormat-sylag edilýär.

Polşa. Polşada Halkara zenanlar gününde gelin-gyzlara sowgatlar berilip, gutlaglar aýdylýar. 8-nji mart bu ýurtda iş güni hasaplansa-da, adamlar agşam naharynyň başynda bu baýramy bilelikde dost-ýarlary bilen belleýärler.

Hytaý. Hytaýda 8-nji mart baýramy adaty günleriň biri hökmünde geçýär.

Italiýa. Bu baýramçylyk Italiýada diňe gelin-gyzlar bolup bellenilýär.

Fransiýa. Fransiýada gelin-gyzlaryň güni diňe dost-ýarlaryň arasynda bellenilýär.

Bu ýurtda esasan 14-nji fewral baýram edilýär.

 

Gazagystan. Gazagystanda Halkara zenanlar güni dynç güni hasaplanýar. Gelin-gyzlara sowgatlar berlip, ýakymly we ýatda galyjy pursatlara baý bolýar.

 

Mähribanlar, goý, her bir günümiňiz baýramlara beslensin!

Owadan dünýäde owadan ýaşaň!