Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


HabarlarSport

Halkara sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenlerimiz sylaglanyldy

3-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

“Awaza” sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda has tapawutlanan türgenlere Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary, täze sport awtoulagynyň açaryny hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga ýollanmalary, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýöriteleşdirilen egin-eşikleri gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenlerine “Nissan Pathfinder” sport awtoulagy sowgat berildi.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com