Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

Halkara matematika olimpiadasy geçiriler

3-4-nji maýda Bilim ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň guramagynda onlaýn görnüşinde “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, 5-8-nji maý aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Halkara matematika olimpiadasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde, beýleki birnäçe döwletleriň talyplary gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýän şeýle wekilçilikli forumlaryň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu