Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Habarlar

Halkara maslahat geçirildi

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda “Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi” atly halkara maslahaty geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň we konsullyk edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzdaky käbir diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar, şeýle-de ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara maslahatyň dowamynda çykyş edenler dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde alyp baran ynsanperwer syýasatynyň ähmiýeti dogrusynda durup geçdiler. Şonda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylan giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleriň diňe bir döwletiň ýa-da halkyň däl-de, bütin dünýäniň jemgyýetçilik durmuşyna oňyn täsir edýändigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, halkymyzyň uzak taryhy döwrüň dowamynda toplan tejribesine daýanylyp, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň konstitusion kadalaryna esaslanylyp, mähriban Watanymyzyň halkara abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlandy. Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna dünýäniň doganlyk halklary bilen dostlukly gatnaşyklary goldamak baradaky maksatlarymyza laýyk gelýän işler yzygiderli amala aşyryldy.

Maslahatyň ahyrynda parasatly daşary syýasy başlangyçlary yzygiderli durmuşa ornaşdyrýan  Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Maýa GURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com