Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Halkara bilimler güni

24-01-2023 / 31

Bilim bu adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr. “Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat” diýlişi ýaly, bilim ynsan durmuşynda iň wajyp serişdedir. Sebäbi adamzat bilimsiz hiç bir sepgitlere ýetip bimez. Ynsan hem okap, öwrenip, döredip, mertebe gazanýandyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, biziň döwletimiz akylly, paýhasly, bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi özüne maksat edinýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bilimiň ähmiýetini bellemek üçin 24-nji ýanwary Halkara bilimler güni diýip yglan edýän karary kabul etdi. Bu karar ýer ýüzünde bilimiň adamzat durmuşynda we bütin dünýäde nähili geljegi emele getirip biljekdigini özüne maksat edinýär. Şu aýdylanlara esaslanyp, ýurdumyz bilim ulgamynda düýpli hem-de işjeň çemeleşýär.

Ýurdumyzda bilime, hususan-da ýaşlaryň bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ýokary we orta bilim berýän edaralary sanly ulgama gönükdirmek, sanly tehnologiýalar we olaryň aýratynlyklary, mümkinçilikleri, durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjeleri artdyrmak ugrunda düýpli işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Diýarymyz gün – günden ösüşlere beslenýär. Ýaşlarymyzyň bilim almagy ugrunda birnäçe saldamly işler alnyp barylýar.

 Aýperi BAÝRAMDURDYÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com