Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Göwün küýsegiHabarlar

Halkara bagtlylyk gününe

Eneleriň alkyşy bagtymyzyň açary

Bagt –bu her kimiň arzuwy, durmuşyň, manyly ýaşaýşyň we agzybirligiň özenidir. Bagt-bu her bir adamy üstünlige alyp barýan täsin sowgatdyr. Durmuşda her bir adamyň özüne niýetlenen täsin sowgady ýagny, bagty bolýar. Eýsem bagtly bolmak üçin näme etmeli-? Bagt –bu adamyň ykbalyna, hem-de onuň özüne hem bagly bolýar. Agzybirlik , söýgi, parahatçylyk, maşgala mukaddesligi, millilik, saglyk bu düşünjeleriň ählisi bagtyň asyl köki, manysydyr. Başgalary bagtly edip bilýän adam ol durmuşda örän bagtly adamlaryň biridir. Çünki ol öz bagtyny özgeler bilen paýlaşýan bolsa, diýmek ol bagtlydyr.

****

“Ene” sözüni näçe ezizläp, öz mähriňi berdigiňçe, ol şonça-da öz mukaddesligine- mukaddeslik goşýar, mähribanlaşýar her bir ynsanyň durmuşyna dünýewilik nuruny, öwüşgünini çaýýar. Her bir ynsanyň bagt barada öz düşünjesi, pikiri, öz dünýägaraýşy bolýar, ýöne islendik perzent üçin iň uly bagt bu seniň rowaçlygyňy diläp, öýde kybla bakyp alkyş okap otyran eziz enelerimiziň barlygydyr.

*Eneler ýagty geljegiň, dünýäniň ýaraşygy.

*Ene –mukaddeslikdir.

*Eneli günler bagtly günler, ataly günler iň manyly günlerdir.

Zenan barlygyň iň möhüm halkalarynyň biridir. Zenan bolmasa ynsan nesli hem bolmazdy. Zenan –bu Enedir. Gurbannazar Ezizowyň “Eneler” goşgusyndaky şeýle setirler hem eneleriň perzentlerine bolan söýgüsini, olara bolan mähirlilik duýgularyny aýdyň görkezýär. Özünde şeýle mähirlilik duýgularyny saklap, bütin dünýä özüniň nuruny saçýan eneler biziň egsilmez bagtymyzdyr.

Eneler jomartdyr, giňdir eneler,

Olar kyn pursatyň kömege geler.

Ömürboýy oňa  beren jebriňi

Ahyr bir söz üçin bagyşlap gider.

 

Beggeldi GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

Hukugy fakultetiniň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu