Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Halk Maslahatyndan soňky oýlanmalar

04-03-2022 / 5069

Jemgyýeti, döwleti dolandyrmakda ata-babalarymyz milletiň öz ruhuna, mentalitetine laýyk gelýän guramaçylyk görnüşlerini döredipdirler. Şolaryň biri-de Halk Maslahatydyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçýän 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçirilmegi milli demokratiýamyzyň dabaralanýandygyna ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk etdi.

Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde il-ýurt bähbitli birnäçe resminamalar we çözgütler kabul edildi. Döwletli tutumda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň hem geljekki onýyllyklarda öňünde durýan wezipelerini kesgitläp berýär, oňa ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär.

Milli maksatnamanyň 14-nji bölüminde ylym, bilim, saglygy goraýyş we ýaşlar syýasaty ulgamynyň geljekde orta we uzak möhletleýin ösüşleri barada giňişleýin durlup geçilýär. Ol ösüşleri ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän okuw maksatnamalaryny, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, döwlete degişli mekdebe çenli bilim edaralary we ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde hususy bilim edaralaryny döretmek, aralykdan okatmak usulyny girizmek, nazaryýet bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, okuw amallaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly gazanmak göz öňünde tutulýar.

Agzalan işleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli edaralary bilen birlikde Türkmen döwlet maliýe institutynda hem ýeterlik maddy-enjamlaýyn binýat, ýokary bilimli we tejribeli professor-mugallymlar bar. Bu şertleriň ählisi Arkadag Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçiren özgertmeleriniň netijesinde döredildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynda ýaşlara bilim-terbiýe bermek üçin ähli amatly şertler bar. Giň we ýagty okuw otaglary, barlaghanalar, dürli dersler boýunça okuw sapaklaryny we barlaglary geçirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan multimediýa enjamlary, interaktiw tagtalar hem-de institutymyzyň mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri tarapyndan işlenilip düzülen usulyýet gollanmalary bilen üpjün edilen.

Ýokary okuw mekdebimizde okuw amallarynyň sanly ulgama geçirilmegi okadylýan sapaklaryň hiliniň ýokarlanmagyna, okuwlaryň gidişine, alnyp barlyşyna, gazanylýan ýetişiklere, mugallym bilen talybyň arasynda hünär ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň guralyşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Ýokary okuw mekdebimiziň alyp barýan işleri häzirki döwürde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Çünki ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşmagy netijesinde milli ykdysadyýetimiz bilen birlikde dünýä ykdysadyýetinden hem baş çykarýan, giň gözýetimli, daşary ýurt dillerini bilýän we ata Watanymyzyň ykdysady bähbitlerini dünýä derejesinde goramaga ukyply ýaş nesli kemala getirmek zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen resminamalar we çözgütler hem milli ykdysadyýetimiziň we ýurdumyzyň ýokary bilimli  hünärmenleriniň kuwwatyna hem-de mümkinçiliklerine esaslanýar. Olary geljekde durmuşa geçirmek hem biziň esasy wezipelerimiziň biridir.

Aýgül ATAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com