Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


SliderTrend we gözellik

Hadise bilen meňzeş geýindi

Türkiýeniň meşhur aýdymçysy Hadise, dünýä belli stilistleriň hatarynda tanalýan Fredrik Robertsson bilen meňzeş geýindi.

Meşhur aýdymçy Hadise, Pariž moda hepdeliginiň çäginde gurnalan Walentino moda sergisine gatnaşdy. Dünýä belli markalaryň egin-eşiklerini geýmegi halaýan aýdymçy, moda sergisinde geýen reňkli eşigi bilen görenleriň ünsüni özüne çekdi. Adatdaky geýnişinden tapawutlylykda, dury bir makýajy we täze stili modaçylar tarapyndan makullandy. Ýöne, owadan estrada ýyldyzynyň geýen bu eşigi dünýä belli stilist Fredrik Robertsson bilen meňzeş bolup çykdy. Ýaş stilist Hadiseden tapawutlylykda bu tüýli eşigi gara ädik we sumka bilen birleşdirdi. Siziň pikiriňizçe, bu eşik haýsy ýyldyza has gowy gelşipdir?

Şeker AMANDURDYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com