Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

17-07-2021 / 5047

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de GFR-iň Federal Kansleri Angela Merkele ýurduň günbatarynda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary we şikes ýetmeler, uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Germaniýada güýçli ýagyş zerarly Reýn-Ar, Mozel derýalarynyň, şeýle hem uly bolmadyk Zauer, Prýum, Nims, Kil, Erft derýalarynyň akymlary hanasyndan çykdy. Germaniýanyň günbatarynda bolup geçen suw joşgunlary sebäpli aradan çykanlaryň sany 133-e ýetdi. Bu barada şenbe güni Bild neşiri polisiýa salgylanyp habar berýär.Ýurduň käbir ilat nokatlary aragatnaşyk bilen bagly näsazlyklar zerarly daşky dünýäden üzňelikde galdy. Ýerli häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdiler. Germaniýanyň Goranmak ministrligi ýurduň günbatarynda harby betbagtçylyk düzgünini girizdi. Muňa laýyklykda, ýerlerde iş alyp barýan halas ediş toparlarynyň serkerdelerine özüne ynanylan adamlara we tehnikalara erk etmekde doly ygtyýar berilýär.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com