Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarTrend we gözellik

Gyrmyzydan don ýaraşar egniňe

11-08-2021 / 5139

Bu gün üýtgeşik gün… Näme üçin diýip soraýaňyzmy?! Bu gün howa juda ýakymly. Güneşli paýtagtymyzda bu gün ýakymly şemal ýüzümizi sypap, ýagty geljek barada bize habar berýär. Elbetde, ýurduň arkasynda dag deý duran Arkadagymyz barka, ösüşlerden ösüşlere barýan geljegi uly bolan oýlanyşykly syýasatymyz barka, neneň ýagty geljege uly ynam döremejek…

Ýöne gürrüňimiz bu däl, gürrüňimiz eziz Diýarymyzyň gelin-gyzlarynyň gözelligine görk goşup oturan, halkara sergilere gatnaşyp ýören, mähriban Arkadagymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzyň bagtyýar zenanlary bolup, töweregine nur çaýýan «Mähirli Zenan» barada…

«Mähirli Zenanyň» egin-eşikleri, lybaslary eýýäm Diýarymyzda brendleşdi, şol sebäpli olaryň ajaýyp lybaslary, edýän millilik äheňindäki işleri barada siz ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden, halkara derejeli sergilerden tanyş bolansyňyz.

Bu günki gün bu lybaslara bolan isleg juda artdy. Çünki goý, halkara sergilerinde bolsun ýa bolmasa döwlet derejesindäki çärelerde bolsun, galyberse-de «Mähirli Zenan» atly döwrebap butiklerde bolsun, adamlar bu egin-eşikleriň deňinden gyzyklanman geçip bilenok. Millilik äheňinde biçilen lybaslar öz sungatyňy, medeniýetiňi, tebigatyňy ýatladyp, gözüňi dokundyryp barýar ahyryn, onsoň, neneň bu gözellige nazar aýlamajak?!

 

****

…H-ool  gün tebigatyň läle reýhan ajaýyp güllerine bürenen matamy elime aldymda, «Mähirli Zenan» kärhanasyna bardym. Olar maňa dürli biçüwde tikilen köýnekleriň nusgasyny görkezdiler. Türkmen gelni bolsaň, biygtyýar millilige ýykgyn edäýäň-dä, onsoň men hem ýanlyrak, ýakalaryňam gadymy güllirägini saýladym. Dizaýnerler bilen başagaý bolup gürleşip durkam, birbada gelýän müşderilere gözüm düşdi. Seredip otursam, institutda bileje okan kursdaşym. Onsoň bir salymdan işdeşimem ýaka saýlap dur. Pylanyň gyzy, gelni…umuman, bu kärhana asyllygy döwrebaplyk bilen sazlaşdyrmagy halaýan gelinleriň söýgüli mekany eken.

****

Eziz Diýarymyzda toý-baýramlar juda köp, aýratynam mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän günlerinde döwrebap binalaryň, desgalaryň dabaraly açylyşlary, halkara duşuşyklar, medeni ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy.

«Mähirli Zenan» hususy kärhanasy hem Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny öz zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň welaýatlarynda «Ak öýler» açyldy. Bu dabaralarda «Mähirli Zenan» lybaslary baýramçylyga görk goşdy. Türkmenlerde «Ak zat — alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, bu kärhananyň agzybir işgärlerine hem aklygy, ýagşylygy, bagtyýarlygy we uly üstünlikleri arzuw edýäris. Türkmen zenanlaryny hoşal edýän «Mähirli Zenanlaryň» nurana ýüzleri elmydama bagtyýarlyk nuruny saçsyn!

 

TÜRKMENgazet.

 

 

 


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.