Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi

21-01-2023 / 47

Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň internet sahypasynda habar berildi.

21-nji ýanwarda paýtagtymyzda geçirilen Milli Geňeşiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

Konstitusion kanuna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar. Şeýle-de Milli Lidere onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan amala aşyrylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com