Göwnüň ganatlaýar, süňňüň ýeňleýär,
Welosipedli saglygyňy berkitsiň.
Ýene-de höwesli süresiň gelýär,
Welosipdeli saglygyňy berkitseň…

Nesilleň saglygy gerekdir hökman,
Ruhuň belent tut, göwnüňi ýykman,
Türgenleşmek hassa janyňa lukman
Welosipedli saglygyňy berkitseň.

Saba-säher örýäris biz höwesli,
Ylgaýas köp menzil maşk edip esli
Kemala getirer iň sagdyn nesli,
Welosipedli saglygyňy berkitseň.

Berkarar döwletiň bagtyýar döwri,
Sport desgalaryň köpelýär höwri,
Kalbyňy joşduryp açýandyr göwni,
Welosipedli saglygyňy berkitseň.

Nowruz GÜÝJOW.