Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Günden reňkini alan miwe

18-05-2022 / 5095

Erik – to­mus mi­we­le­ri­niň iň halanýanlarynyň bi­ri. Bu mi­we ga­dym döwürlerden bä­ri Azi­ýa ýurt­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Eri­giň beý­le­ki mi­we­ler­de bol­ma­dyk peý­da­ly ta­rap­la­ry diýseň köpdür.

Eri­giň dü­zü­min­de 10 gö­te­rim şe­ker, şeý­le-de li­mon, al­ma, sa­li­sil kis­lo­ta­sy bardyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, onuň dü­zü­min­de P, B1, PP, С wi­ta­min­le­ri, ka­ro­tin, kä­şir­de, ýumurt­ga­nyň sa­ry­syn­da, süýt­de bol­ýan mä­mi­şi-sa­ry pig­ment köp­. Üs­te­si­ne-de, erigiň dü­zü­min­dä­ki 16 mg ka­ro­tin başga hiç bir mi­we­de hem ýok­dur. Erik ka­liý mad­da­sy­na baýdygy üçin ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri bi­len ke­sel­län­le­re has peý­da­ly­dyr. Ol ka­liý­den baş­ga-da, fos­fo­r we mag­niý elementlerine baý­dyr. Bu mi­ne­ral maddalar beý­ni­niň da­mar­la­ry­na tä­sir edip, onuň iş­jeň­li­gi­ni ka­da­laş­dyr­ýar.

Eri­giň dü­zü­min­dä­ki şi­re bol­sa, be­den­den tok­si­ni (mik­ro­or­ga­nizm­ler­den dö­re­ýän zy­ýan­ly mad­da­lar) we ho­les­te­ri­ni çy­kar­ma­ga ýardam ed­ýär. Aş­gar­laý­jy mad­da­lar bol­sa, ber­ki­di­ji­lik taý­dan tä­sir ed­ýär. Ça­ga­la­ra we uly ýaş­ly­la­ra erik iý­mek bilermenler tarapyndan mas­la­hat be­ril­ýär. Çün­ki erik nerw ul­ga­my­ny kuwwatlandyr­ýar we ýa­daw­ly­gy­ňy aýyr­ýar. Yzy­gi­der­li erik iý­mek de­ri­niň ýaşarma­gy­na hem-de göz gö­re­jiniň ýi­ti­leş­me­gi­ne-de oňyn täsirini ýetir­ýär. Eri­kden we onuň kiş­de­sin­den şi­re taý­ýar­lanyl­ýar. Ka­ka­dy­lan erik, esa­san hem gyş we ýaz aýla­ryn­da has köp iýil­ýär.

Taýýarlan Humaý MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com